Ylym
05.11.2026
2035
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebi talyplary kartografiýa boýunça II internet olimpiada çagyrýar
Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk instituty ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny kartografiýa boýunça II internet olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.
05.11.2026
1865
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň maslahatyna gatnaşýarlar
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektorlary 3–6-njy noýabr aralygynda Awstraliýanyň Pert şäherindäki Merdok uniwersitetinde geçirilýän Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň «Emeli aň döwründe uniwersitetleriň gymmaty» atly 17-nji umumy maslahatyna gatnaşýar.
04.11.2026
2420
Milli bilim ulgamynyň okuw-usulyýet binýady täze neşirler bilen baýlaşýar
Türkmenistanda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmek we okuw-usulyýet üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler täze neşirler bilen has-da baýlaşdyrylýar.
04.11.2026
1900
Ýurdumyzyň talyplarynyň arasynda logistika boýunça internet olimpiadasy geçiriler
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny logistika boýunça internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.
04.11.2026
1740
Türkmenistan bilim ulgamy boýunça halkara foruma gatnaşdy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory Azat Babaýew 26 – 27-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen «Bilimleriň Ýüpek ýollary: Merkezi Aziýada durnukly geljek üçin bilim, sungat we emeli aň» atly halkara maslahata gatnaşdy.
03.11.2026
2865
Türkmen mugallymlary halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary türki dünýäsiniň döwlet işgärleri, mugallymlary we ylmy işgärleri üçin niýetlenen «KatipAta» atly halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar.
03.11.2026
2654
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» strategik institutlarynyň ilkinji forumyna gatnaşdy
31-nji oktýabrda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi: üýtgeýän dünýäde hyzmatdaşlygyň özgerişi» atly strategik institutlaryň ilkinji forumy geçirildi.
03.11.2026
2212
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentine hormatly derejäniň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Hajettepe uniwersiteti tarapyndan «Halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor» derejesiniň berilmegi, şeýle hem Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEİK) tarapyndan «Strategik dostluk» nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
02.11.2026
2350
«Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasy geçirilýär
Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.
02.11.2026
2122
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň bilim ugry
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Lu Ban ussahanasynda» 24-31-nji oktýabr aralygynda hytaý mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen okuw sapaklary tamamlandy.