Ylym
24.07.2025
4200
Türkmen talyplary Rumyniýada önümçilik tejribeligini geçdiler
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary we mugallymlary Rumyniýada Kluž-Napokanyň tehniki uniwersitetinde, şeýle hem «Tenaris», «Bosch» we «Emerson» halkara kompaniýalarynda önümçilik tejribesini geçdiler.
24.07.2025
4198
Alymlar Kigali düzedişini durmuşa geçirmek meýilnamalary bilen tanyşdyrdylar
Aşgabatda «Arçabil» myhmanhananyň mejlisler zalynda 2016-njy ýylda Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasynyň Monreal teswirnamasyna kabul edilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali düzedişiniň düzgünlerini ýerine ýetirmegiň çäginde milli meýilnamalar we işiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
23.07.2025
4562
Türkmenistanda dalaşgärler üçin maglumatlar saýty we ykjam goşundy işi girizildi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi dalasgar.bilim.tm atly habarlar platformasyny işe girizdi. Onuň kömegi bilen dalaşgärler göni wagtyň özünde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýylyň kabul ediş möwsüminiň barşyny synlap bilýärler.
23.07.2025
5593
Türkmenistanyň mugallymlary Almatyda C5+O.N.E.Ed sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar
7-nji iýuldan 4-nji awgust aralygynda ýurdumyzyň birnäçe ýokary we umumybilim berýän orta mekdepleriniň iňlis dili mugallymlarynyň 27-si ABŞ-nyň C5+O.N.E.Ed sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Almaty şäherinde bolýarlar.
22.07.2025
3853
Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Malaýziýanyň uniwersitetinde hünärlerini ýokarlandyrýarlar
15-nji iýuldan bäri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryndan we mugallymlaryndan ybarat topar Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde hünärlerini ýokarlandyrýarlar.
22.07.2025
3664
Şäheriň çäginde – botaniki seýreklik
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň binasynyň gapdal diwarynyň golaýynda ýerleşýän alty sany göze ilmeýän kiçijik agaçlar her ýyl gülleýän döwri we ir-iýmişleriniň emele gelişi bilen görenleri haýran galdyrýar. Miweli agaçlar ýabany ösümlikleriň biri hasaplanýan, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Buasýe armydydyr.
21.07.2025
2557
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlanýarlar
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzda bolup geçjek halkara ähmiýetli waka – BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) bagyşlanan bilim beriş-düşündiriş çäreleri geçirilýär.
21.07.2025
2159
«Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly halkara okuw geçirilýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardamy we ýurduň Hazar deňiz institutynyň, şeýle hem Halkara ummanlar institutynyň guramaçylyk goldawy bilen iýul aýynyň 14–25-i aralygynda Arçabil myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Hazarýaka bäş döwletiň wekilleri üçin «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly halkara okuw geçirilýär.
18.07.2025
5135
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary «Iň gowy ylmy makala – 2025» atly halkara bäsleşiginde ýeňiji boldular
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglarynyň Hazar institutynyň «Hazar ylmy žurnaly» atly ylmy neşiri bilen bilelikde ýola goýan «Iň gowy ylmy makala – 2025» atly halkara ylmy-barlag bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler.
17.07.2025
5342
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine taýýarlygyň täze ugurlary girizildi
Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplere giriş möwsümi ýaýbaňlanyp, onuň çäklerinde dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär.