Ylym
06.04.2026
1006
«Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi» at bilen açyk sapak geçirildi
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen açyk sapak geçirildi. «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi» at bilen geçirilen bu çäre ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
06.04.2026
1420
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Ekologiýa abadançylygy – eşretli ertiriň kepili» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
03.04.2026
1540
Inklýuziw bilim bermekde mugallym-defektologlaryň orny ara alnyp maslahatlaşyldy
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli «Ösüşinde aýratynlyklary bolan çagalara bilim bermekde mugallym-defektologlaryň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
02.04.2026
2738
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koinuma hem-de bu assosiasiýa bilen bilelikde iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.
02.04.2026
2224
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary hünäriniň II ýyl talyby Maksatmyrat Ýardymow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde 21-nji martda geçirilen «Merkezi Aziýanyň iň oňat talyby» diýen halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
01.04.2026
3271
«Etut.developer» atly hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde talyplaryň arasynda geçirilen «Etut.developer» atly hakaton bäsleşiginiň jemi jemlendi.
01.04.2026
2738
Ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilim federal döwlet býujet bilim edarasy «W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň» arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
01.04.2026
1475
Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasyny» açmak baradaky meseleler maslahatlaşyldy
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäklerinde «Lu Ban ussahanasyny» açmak baradaky meseleleri türkmen ýokary okuw mekdebiniň, Sian nebit uniwersitetiniň hem-de HHR-iň Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri onlaýn duşuşykda bilelikde ara alyp maslahatlaşdylar.
31.03.2026
1793
Nazary mehanika dersi boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi
24 – 28-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda nazary mehanika dersi boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi.
30.03.2026
2092
Halkara matematika olimpiadasy jemlendi
24 – 28-nji mart aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde iri halkara bilim bäsleşigi – ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda VI Açyk matematika olimpiadasy (Open Mathematical Olympiad for University Students (OMOUS-2026)) geçirildi.