Türkmen-özbek dostluk agşamy şowhunly baýramçylyga öwrüldi diýsek dogry bolar. Bu ýerde bir wagtda üç sergi: çaý sergisi, milli tagamlaryň sergisi we Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň çeken suratlarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy.


Özbegistandan aşpez Rustam Ilýamow palaw taýýarlamak üçin ýörite bu ýere gelipdir. Ol ägirt uly gazanda Gündogarda iň meşhur we söýülýän tagam bolan palawy 1 tonna 300 kilogram möçberde bişirdi. Oňa iki sany palaw bişirmegiň ussady türkmen aşpezleri Azat Imamedow we Geldimyrat Ataýew kömek etdi.


Konsert meýdançasyndaky orunlar aýdym-saz we tans sungatyny söýüjiler bilen doldy. Olaryň arasynda Türkmenistandaky dürli ilçihanalaryň wekilleri hem bardy. Olar bu dostlukly çärä uly höwes bilen gatnaşdylar.


Konsert başlamazdan ozal, paýtagtymyzyň häkimi Rahym Gandymow we Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow myhmanlara gutlag sözleri bilen ýüzlendiler. Olaryň gysga, ýöne manyly çykyşlarynda köpasyrlyk taryhy bolan türkmen-özbek dostlugynyň geljekde has-da berkäp, pugtalanjakdygy barada ynamly pikirler beýan edildi.


Türkmenistanyň at gazanan artisti Ahmet Atajanow we Bahar Annaýewa konserti «Aşgabat bilen Daşkent hasam ýakynlaşdy» atly aýdym bilen açdylar. «Aşgabat» tans toparynyň ýerine ýetiren tansy olaryň çykyşyny has-da bezedi.


Konsertde özbek dilinde ýerine ýetirilen aýdym hem ýaňlandy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Nuraddin Sattarow «Türkmen-özbek dostlugy ebedi ýaşasyn» atly aýdymy ýerine ýetirdi.


«Daşkent» seýilgähindäki agşam Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ýatdan çykmajak ajaýyp waka boldy. Ony Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilelikde guradylar.