Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 80
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek, täze kanunlary işläp taýýarlamak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 27-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda”, “1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň bilen birlikde, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, ýerine ýetiriş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, aragatnaşyk, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň 20-si kabul edildi.

Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 10-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 56-sy geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 106-syna gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 44-si guraldy. Şunuň bilen birlikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy, Türkmenistanyň Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň utgaşykly görnüşdäki ikinji duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on bir aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,7 göterime, gurluşykda 8,1 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10 göterime, söwdada 9,7 göterime, oba hojalygynda 7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,4 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, bölek satuw haryt dolanyşygy 13 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,1 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,8 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,8 göterim boldy. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 109,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101,4 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 101,6 göterim ýerine ýetirildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 101 göterime barabar boldy. Şunuň bilen bir hatarda, polipropilen, çalgy ýaglaryny öndürmek, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegiň, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 102,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 136,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 127 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 102,8 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101,3 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 111,2 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,4 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 274,5 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki talaplara görä, ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geljek ýylyň hasylyna taýýarlyk görmek işlerini berk gözegçilikde saklamagy, ýurdumyzda dürli görnüşli azyk önümlerini öndürmek babatda alnyp barylýan işleri hem dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,2 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,2 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 109,2 göterim, Energetika ministrligi boýunça 110,7 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 100,5 göterime barabar boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 102,8 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň möçberi 119 million manada deň boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň, senagat pudagynda gurluşyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi, gurluşyk, energetika, senagat pudaklaryna öňdebaryjy usullary hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns bermegi, binalary we desgalary ýokary hilli gurup, bellenen möhletlerde ulanmaga bermek üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 119,3 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,4 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 113 göterim, nah matalaryňkyda 117,9 göterim, gön önümleriniňkide 117,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 275 birža söwdasy geçirilip, olarda 27 müň 29 şertnama hasaba alyndy.

Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,8 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 20 sergi, 9 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 104,7 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda, dokma, telekeçilik pudaklarynyň işini ösdürmegi dowam etdirmegiň, ýurdumyzyň bazarlaryny, söwda nokatlaryny azyk we beýleki zerur harytlar bilen yzygiderli üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere baýramçylyk günlerinde dürli harytlaryň bol we elýeterli bahalardan bolmagy üçin bu işi hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaralar geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli medeni çäreler guraldy. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi.

Hasabat döwründe medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli işler dowam etdirildi. Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda geçirilen dürli medeni çärelere we okuwlara gatnaşmak üçin iş saparlarynda boldular. Daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde Aşgabatda birnäçe medeni çäreler geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen “Kompozitor” atly film Moskwada ilkinji gezek geçirilen açyk Ýewraziýa kinofestiwalynda ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu filmiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şeýle abraýly baýraga eýe bolmagy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna özboluşly sowgat boldy. Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri, halkara hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmegi, Halkara Bitaraplyk güni, Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular. Degişli ýokary okuw mekdepleri tarapyndan halkara ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlaryň, halkara olimpiadalaryň birnäçesi guramaçylykly geçirildi. Hasabat döwründe ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işler dowam etdirildi. Aspirantura, doktorantura, alymlyk derejesine dalaşgärler hasaba alyndy. Doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalary goraldy.

Hasabat döwründe “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda işler dowam etdirilip, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullar ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary bilen saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde saglyk öýi, Mary welaýatynda welaýat inçekesel hassahanasy açylyp ulanmaga berildi, paýtagtymyzda köpugurly hassahananyň, Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbi tutuldy. “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat ýokary derejede geçirildi.

Şeýle hem bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Sportuň milli we guşakly alyş göreşi, küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşlar guramaçylykly geçirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 876 medala mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, bilim bermegiň hilini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, ähli pudaklar üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi. “Saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek zerurdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň çäklerinde dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Hasabat döwründe bu ugurda degişli toplumlaýyn işler geçirildi.

Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasyna, Mongoliýa, Hytaý Halk Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, Italiýa Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Özbegistan Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna saparlary amala aşyrdy. Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna we Owganystana saparlary boldy.

Şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, San-Tome we Prinsipiniň, Ermenistanyň Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy, Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Türkmenistana saparlary amala aşyrdylar. 22-nji awgustda ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ýurdumyzda saparda boldular.

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň işine gatnaşmak üçin şu ýylyň 21 — 24-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary, Eswatininiň Patyşasy, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Portugaliýa Respublikasynyň, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentleri, Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyklary geçirdi. Hasabat döwründe birnäçe ýurtlaryň Hökümet ýolbaşçylarynyň we ýokary wezipeli wekilleriniň Türkmenistana saparlary boldy. Ýylyň başyndan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, beýleki halkara düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri Türkmenistana sapar bilen geldiler.

Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana amala aşyran 770 sapary, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran 1 müň 226 sapary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 548-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşikleriň hem-de duşuşyklaryň 2 müň 649-sy guraldy. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 227 resminama bilen ýetirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen duşuşyklar guraldy.

Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmekde ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda yzygiderli işler amala aşyryldy. 2025-nji ýylyň başyndan bäri birnäçe ýurtlaryň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky, Nepaldaky, Kipr Respublikasyndaky, Mongoliýadaky, Bahreýn Patyşalygyndaky, Monako Knýazlygyndaky, Serbiýa Respublikasyndaky, Täze Zelandiýadaky, Irlandiýa Respublikasyndaky, Efiopiýadaky, Indoneziýa Respublikasyndaky, Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Ýurdumyzyň Eýran Yslam Respublikasyndaky we Türkiýe Respublikasyndaky konsullary resmi taýdan işe başladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli bellenen çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,9 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 115,4 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 110,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 103,1 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 119,3 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, ulag-logistika ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri döretmegiň, olaryň sanyny artdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. “Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygynyň netijeli alnyp barylýandygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýylyň tamamlanmagyna az wagtyň galandygyna, şoňa görä-de, şu ýyly gowy netijeler bilen jemläp, täze — 2026-njy ýyly mynasyp garşylamak üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, halkymyzyň baýramçylygy dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin, 2025-nji ýylyň 11-12-13-nji dekabry günlerini iş güni däl diýip yglan etdi we degişli Permana gol çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.