Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Türkmenistanyň «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size merdana halkymyzyň milli gymmatlygy bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini we gymmatlyklaryny gorap saklamaga hem-de halkara derejede dünýä ýaýmaga gönükdirilen oňyn başlangyçlaryňyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň hem-de onuň ähli agza ýurtlarynyň giň goldawyna mynasyp bolýar. Ýakynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly hödürnamany goldamak hakynda çözgüdiň kabul edilmegi hem bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.
Alabaýlaryň tohumçylyk işini ösdürmek hem-de kämilleşdirmek itşynaslyk babatdaky giň gerimli işleriň esasy ugurlarydyr. Siziň belleýşiňiz ýaly, türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy tohum itleriniň biri bolmak bilen, merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Türkmen alabaýlary eýesine wepadarlygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy bilen bütin dünýäde giňden tanalýar.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Türkmen alabaý itleri özboluşly milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu täsin jandar gadymyýetiň synagyndan geçip, wepalylygyň, edermenligiň, batyrgaýlygyň nusgasy hökmünde şu güne gelip ýetdi. Ýurdumyzyň sebitlerinde we Aşgabat şäherinde türkmen alabaýlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän merkezleriniň gurulmagy bilen, itşynaslarymyz üçin döwrüň talaplaryna laýyk iş alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini aýawly saklamak we artdyrmak maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň hem-de onuň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnalynyň döredilmegi türkmen alabaý itleriniň şöhratyny dünýä ýaýmakda täze tapgyr boldy. Siziň tagallalaryňyz bilen milli buýsanjymyz bolan alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak ugrunda hem uly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz, Siz Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Prezidenti hökmünde alabaýlaryň türkmen halkynyň diňe bir kömekçisi, öý-ojagyň, emlägiň ygtybarly goragçysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda wepaly dostuna hem öwrülendigini belleýärsiňiz. Siziň baştutanlygyňyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilmegi, bu baýram mynasybetli Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň mejlisiniň, halkara ylmy maslahatyň, halkara bäsleşigiň hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda bäsleşigiň geçirilmegi türkmen alabaýynyň jemgyýetimizdäki we halkara giňişlikdäki ornuny has-da şöhratlandyrýar.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny gorap saklamak we ösdürmek, alabaý itleriniň sanyny artdyrmak, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmak, itleriň bu tohumyna tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmek, bu ugurda halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmekde özüni görkezen hünärmenleri höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» we «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilmegi bu ugurda edilýän tagallalaryň aýdyň mysalydyr.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi Türkmenistanyň «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, ýurdumyzyň abadan durmuşynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine durmuşa geçirýän beýik işleriňiz hemişe rowaç bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.