Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli syýasatyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy. Bu syýasat Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginini üpjün etmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň hemmetaraplaýyn demokratiýalaşdyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyny nazarlaýar.
2-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, sebitlerde dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, jogapkärli möwsümi talabalaýyk geçirmek maksady bilen, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli tohumlary taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär.
Ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça işleriň çäklerinde ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň we gök ekinleriň ekişini guramaçylykly geçirmek ugrunda degişli işler dowam edýär. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki strategik ornuna ünsi çekdi we möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň önümçilikde ýokary netijeleri gazanmak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almaga ýardam berýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil we geriş çekmek, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmek, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda, ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmek, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine doly taýýar etmek, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça dökünleri bermek işini agrotehniki möhletlerde geçirmek, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmegiň, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň tohumlaryny, ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine doly taýýar etmegiň, welaýatlaryň bugdaý, pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmegiň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde şu ýyl göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
4-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
6-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geçen iki aýda alnyp barlan işler gowy netijeleri görkezdi. “Biziň alyp barýan syýasatymyz netijesinde ata Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp galandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. “Şeýle hem täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de öňde goýlan maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak barada degişli Permanlara gol çekdi.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ähli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, okuwçy, talyp we çagalar baglarynda terbiýelenýän gelin-gyzlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy. Paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda geçirilen dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, bagtyýar durmuşda ýaşamak, zähmet çekmek babatda döredilýän amatly şertler, ýaş nesiller barada edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli “Ene hüwdüsi — iň kämil eser” atly dabaraly maslahat geçirildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, zenanlar — maşgalanyň diregi, gözelligiň nusgasy we öý-ojagyň bezegi. Ýurdumyzda zenanlara, olaryň el işlerine we ýaş nesilleri pederlerimizden miras galan däp-dessurlara laýyklykda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna uly sarpa goýulýar.
Zenanlarymyzyň mähir-muhabbeti, sadalygy, ruhubelentligi, wepalylygy, tükeniksiz söýgüsi we näzikligi Diýarymyzyň ähli ýerlerinde geçirilen aýdym-sazly çäreleriň, çeperçilik sergileriniň, bäsleşikleriň hem-de döredijilik duşuşyklarynyň ylham çeşmesine öwrüldi. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertine Diýarymyzyň çar künjeginden zenanlar ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, zähmet weteranlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjylar bar. Oňa Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara düzümleriň zenan işgärleri-de hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine hem-de sazyna döredilen, süýji arzuwlary, mähirli söýgini, ajaýyp geljek baradaky ynamy beýan edýän “Kalbymda sen” atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi baýramçylyk dabarasynyň iň tolgundyryjy pursatlarynyň biri boldy.
Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda köp çagaly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, medeniýet işgärleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, daşary döwletleriň, halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri bar. Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar, meşhurlyk gazanan we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary ýaňlandy. Baýramçylyk gutlaglary bilen utgaşan konsertde Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleri, meşhur aýdymçylar, ýaş ýerine ýetirijiler belent ruha, iň gowy arzuwlara beslenen aýdymlaryny mährem gyz-gelinlerimize bagyşladylar. Dabara gatnaşyjylar «Küştdepdi» tansyny joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Bu ajaýyp tans halkymyzyň medeni we ruhy mirasynyň köpöwüşginli gözelliginiň beýanydyr.
8-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mährem enelerini, gelin-gyzlaryny gutlady.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşuryldy. Merkezde bejergi alýan çagalar belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde — paýtagtymyzyň konsert merkezlerinde, Arkadag şäherinde, welaýatlarda aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk çäreleri ýokary döredijilik ruhunda, uly şatlyk-şowhun bilen geçirildi.
7-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde bolup, “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Saparyň dowamynda täze şäherde bina edilýän metjidiň gurluşygynda we bezeg işlerinde ulanylýan serişdelere, önümçilik maksatly binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, iş otaglarynyň üpjünçiligine, gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine, binalaryň kesgitlenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyna, binagärligiň dünýä nusgalyk milli mekdebiniň usullarynyň döwrebap derejede ulanylmagyna, olaryň täzeçil tehnologiýalar bilen utgaşykly alnyp barylmagyna aýratyn üns berildi. Gahryman Arkadagymyza şäheriň lukmançylyk klasteriniň dolandyryş binasynyň, söwda we işewürlik binalarynyň içki bezeg işleriniň görnüşleri, medeni-durmuş maksatly binalaryň içki bezeginde ulanylýan serişdeler, iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler, şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen we ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň, giň möçberli dabaralaryň maksatnamasy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz 15-nji martdan 16-syna geçilýän gijäniň Gadyr gijesi diýlip kesgitlenendigini belläp, hormatly ýaşulularyň, dili senaly enelerimiziň, welaýatlaryň ymamlarynyň, din wekilleriniň, köp sanly ýaşlaryň gatnaşmagynda Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasynyň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ata-babalarymyzyň taryhyň dowamynda döreden asylly ýol-ýörelgelerine goýulýan sarpanyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparynyň çäklerinde suw çüwdürimleri, dürli şekiller, bagy-bossanlyk, şol sanda hemişe gök öwüsýän baglar bilen bezeljek Arkadag şäheriniň seýilgähiniň gurluşygy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşendigini nazara alyp, seýilgähde esasy bezegleriň biri parahat durmuşyň nyşany bolan söwda kerwenleriniň ähli enjamlary şekillendirilen düýeleriň keşbi bolar.
Milli Liderimiz seýilgähiň çäklerinde bedew bilen baglanyşykly esbaplaryň şekilleriniň oturdylmagynyň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekip, atyň şekilleri bilen baglanyşykly işlere Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň, ýaş mugallymlarynyň çekilmelidigini, bu ýerde amala aşyrylýan bezeg we abadanlaşdyryş işlerinde ýaşlaryň başlangyçlarynyň, teklipleriniň netijeli ulanylmalydygyny belledi.
Hepdäniň wakalaryna syny dowam etmek bilen, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýändigini bellemek gerek. Türkmenistanda hereket edýän saýlaw kanunçylygynyň kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär. Onuň dowamynda milli parlamentiň deputatlygyna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan wekilleri saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny geçirýärler. Saýlawçylar dalaşgärleriň terjimehallary, hünär we guramaçylyk ukyplary, saýlawlardaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda Watanymyzyň ösüşiň we abadançylygyň täze sepgitlerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.