Ï Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 140

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda rysgal-berekede, toý-baýrama beslenip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, Watanymyzyň halkara derejedäki abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak ugrundaky döwletli işleriňizde hemişe rowaçlyklary arzuw edýärin.

Eziz Diýarymyzda şatlyk-şowhuna beslenip, guramaçylykly geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli raýatlaryny il-ýurt bähbitli beýik işlere ruhlandyrjakdygyna, şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan gadymy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly Prezidentimiz!

Türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji martynyň «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edilmegi, Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu gadymy baýramyň halkara derejedäki ähmiýetini has-da artdyrýar.

Dünýä halklary bilen birlikde, türkmen halky hem baharyň buşlukçysy bolan Nowruzyň däp-dessurlaryna durmuş tejribesini, ahlak we ruhy gymmatlyklaryny, parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat-sarpa goýmak ýaly külli adamzat üçin beýik ruhy ýörelgelere öwrülen ynsanperwer taglymatlaryny siňdiripdir. Bu baýram mynasybetli geçirilýän çäreler Nowruz baýramyny belleýän halklarydyr ýurtlary birek-birege ýakynlaşdyrmak bilen, medeni-ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlanmagyna ýardam edýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň tagallalaryňyz bilen Ahal welaýatyndaky «Nowruz ýaýlasynda» we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Halkara Nowruz gününiň täze eýýamyň ruhunda ýokary derejede bellenip geçilmegi mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň, eziz Watanymyzyň gülläp ösüşleriniň özboluşly güwäsine öwrülýär. Bu ajaýyp baýramda ata-babalarymyzdan gelýän däbe eýerilip, maşgalada giňden ýazylýan saçaklar dürli-dümen naz-nygmatlar, datly tagamlar bilen bezelýär, semeni taýýarlanylýar. Siziň nygtaýşyňyz ýaly, tebigatda täzelenişiň, gülleýşiň baýramy bolan Nowruz ynsan kalbyna tämiz duýgulary eçilýär, gözellige, abadançylyga söýgi döredýär. Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessurlar her bir halkyň milli aýratynlyklaryny görkezmek bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy we ynanyşmagy berkidýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Nowruz baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde merdana ekerançylarymyz geljekki bol hasylyň düýbüni tutýarlar. Öz zähmeti bilen türkmen topragynyň rysgal-berekedini artdyrýarlar. Munuň netijesinde türkmeniň bereketli saçaklary naz-nygmatlardan dolýar. Nowruz baýramy diňe bir zähmetsöýer ekerançylary ýokary netijeleri gazanmaga ruhlandyrman, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ähli ildeşlerimize hem Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine has-da belent sepgitlere ýetmäge täze ylham berýär.

Aşgabat we Arkadag şäherlerini, welaýatlary, etraplary, oba-şäherlerimizi bagy-bossanlyga öwürmek ýurdumyzyň ekologik abadançylygy, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Milli bahar baýramynyň bellenilýän günlerinde şäherlerimiziň we obalarymyzyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegi göz öňünde tutýan giň gerimli bag ekmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berilmegi — ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi hem asylly däbe öwrüldi.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan beýik işleriňizde hemişe rowaçlyklary arzuw edýärin. Goý, ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerlige, dostanalyga çagyrýan Nowruz her bir öýe şatlyk, bagt we rysgal-döwlet, üstünlik getirsin!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.