Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

view-icon 146

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gazagystanyň we meniň halkymyň adyna iberen hoşniýetli hatyňyzy uly hoşallyk bilen kabul etdim. Ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlygyň we özara hormat goýmagyň hakyky ruhuny beýan edýän ünsüňize hem-de goldawyňyza ýokary baha berýärin.

Gazak halky doganlyk türkmen halkyna we onuň beýik ogly hökmünde Size aýratyn hormat goýýar. Hormatly Arkadag Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, biziň halklarymyz üçin mukaddes bolan Nowruz baýramy mynasybetli Size berk jan saglyk, abadançylyk, mundan beýläk-de üstünlik arzuw edýärin.

Gazagystanyň Prezidenti hökmünde köpasyrlyk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga aýratyn üns berýärin. Häzirki zaman şertlerinde şeýle syýasat möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip hasaplaýaryn. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň ýurtlarymyzyň hem-de dostlukly halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.