Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Doganlyk Türkmenistana ösüş hem-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy kabul ediň!
ABDULLA II,
Iordaniýanyň Patyşasy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.
Size berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin. Beýik Allatagaladan bu mukaddes baýramyň bize hem-de ähli musulman ymmatyna rysgal-bereket bilen gaýtadan dolanyp gelmegini dileýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Abdelmajid TEBBUN,
Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.