Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli ÇYKYŞY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli çykyşy

view-icon 132

Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimizi, bütin halkymyzy, gaznanyň agzalaryny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

Türkmeniň ynsanperwerlik ýoly gadymy taryhymyzdan gözbaş alýar. Haýyr-sahawat etmek halkymyzyň asylly däbidir. Bu ýol häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň çagalarynyň bagtyýar durmuşyny, röwşen geljegini üpjün etmek döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Munuň üçin döwletimiziň berk binýady bar.

Häzirki döwürde çagalarymyzyň döwrebap bilim alyp, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Çagalaryň sagdyn ösüp-ulalmagy, jemgyýetde öz ornuny tapmagy, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi — bu biziň her birimiziň islegimizdir, arzuwymyzdyr. Halkymyzda «Öý ýaraşygy — çaga» diýlişi ýaly, çagalary goldamak, hemaýat bermek, olaryň geljegi hakynda alada etmek biziň baş maksadymyzdyr.

Eziz watandaşlar!

Gaznamyzyň döredilen gününden bäri köp işler amala aşyryldy. Kömege mätäç çagalaryň müňlerçesine yzygiderli goldawlar berildi. Bu çagalar häzirki wagtda sagdyn durmuşyň şatlygyny duýup ýaşaýarlar. Olaryň döredijilige, ylym-bilime, sporta höwesini göreniňde, buýsanjyň has-da artýar. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýlişi ýaly, ýaşuly nesliň wekilleri bilen häzirki nesilleriň arabaglanyşygyny aýratyn bellemek isleýärin. Birek-birege hormat-sarpa goýmak, halypa-şägirtlik, öwüt-ündew halkymyzyň durmuşyna giňden ornaşandyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi hem bu babatda netijeli işleri alyp barýar.

Hormatly adamlar!

Bilşiňiz ýaly, geçen ýyl haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat ýokary derejede geçirildi. Bu maslahat gaznanyň halkara derejedäki abraýyny has-da artdyrdy. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlar onuň alyp barýan işine ýokary baha berdiler.

Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna häzirki wagta çenli dünýäniň köp ýurtlarynyň dürli ýagdaýlar sebäpli kynçylyga uçran çagalaryna ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy. Biz ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwer däplere eýerip, bu asylly işleri mundan beýläk-de dowam etdireris.

Çagalar bagta, mähre mynasypdyr!

Çagalar parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Eziz watandaşlar!
Hormatly gaznanyň agzalary!

Pursatdan peýdalanyp, siziň ähliňizi gaznamyzyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli, kämil şahsyýetler bolup, Watanymyzyň abraýyny belende göterjek ýaşlar bolup ýetişsinler!

Hormatly gaznanyň agzalary!

Sizi ýene-de gutlamak bilen, alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(Arkadag şäheri, 2026-njy ýylyň 28-nji marty)