Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy

view-icon 95
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirdi.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni uly zähmet ýeňişlerine, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgininiň barha ýokarlanýandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäherinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede dowam etdirilýär.

Ir bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna gelende, Gahryman Arkadagymyzy gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow mähirli garşyladylar. Bu ýerde gaznanyň hemaýat bermeginde amala aşyrylýan giň möçberli gurluşyk işleri barada giňişleýin maglumat berildi.

O.Atabaýewa häzirki döwürde “Jahan” döredijilik merkezini we Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyny döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan işleriň barşy barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň otaglaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, bu ýerde asman jisimlerini ylmy esasda öwrenmäge niýetlenen obserwatoriýanyň gurluşygy meýilleşdirildi. Şeýle-de asman jisimlerini synlamak üçin ýörite teleskopyň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. “Jahan” döredijilik merkezinde fitnes zalyny, köp sanly daşary ýurt dillerini öwrenmäge ýöriteleşdirilen lingafon otaglaryny, beýleki ýöriteleşdirilen ders otaglaryny döretmek, üsti açyk we ýapyk sport zallaryny gurmak, çagalara dizaýn, marketing ugurlary boýunça bilim bermek meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde ene-atalar üçin hem ýokary derejeli mümkinçilikler üpjün ediler.

“Jahan” döredijilik merkezinde dürli ugurlary öz içine alýan otaglar hereket eder. Şunda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegini esasy ugur edinýän işlere zerur üns berler. Bu ýerde elastik lenta, ýoga, saýkl ýaly beden taplaýjy ugurlar bilen meşgullanmak üçin zerur şertler dörediler.

Soňra haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow häzirki döwürde Aşgabatdaky 500 orunlyk Şehitler metjidinde alnyp barylýan döwrebaplaşdyrmak işleri, Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde türkmen gurluşykçylary tarapyndan bina edilýän metjidiň gurluşyk hem-de bezeg işleri barada maglumat berdi.

Milli Liderimiz paýtagtymyzdaky metjidi döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde onuň namaz okalýan ýeriniň giňeldilendigini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň, bezeg serişdeleriniň hiline aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjanda dost-doganlygyň nyşany hökmünde gurulýan metjidiň bezeg işleri amala aşyrylanda, ýerli ilat bilen maslahatlaşyp, olaryň islegleriniň öwrenilmelidigine aýratyn ünsi çekdi we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde gaznanyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda haýyr-sahawat düzüminiň häzirki döwürde alyp barýan işleri, çagalara hemaýat bermek, olaryň saglygyny dikeltmek, dünýäniň dürli ýurtlaryna ynsanperwerlik kömeklerini ugratmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berildi. Nygtalyşy ýaly, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa geçirilen çagalara degişli dikeldiş işleri ýola goýuldy. Şeýle hem ýurdumyza Hytaý Halk Respublikasynyň tejribeli lukmanlarynyň, dostlukly ýurduň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gelmegine görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz gaznanyň alyp barýan asylly işiniň yzygiderli dowam etdirilmelidigini, bu ugurda ýola goýlan halkara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy babatda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bejerişiň tebigy usullaryna degişli tejribe alyşmak, Diýarymyzda hereket edýän şypahanalaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek babatda tagalla edilmegi möhümdir. Lukman Arkadagymyz Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu ugurda degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ähli meýilleşdirilen işleri ýokary hilli alyp barmakda üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň 30 müň orunlyk metjidiniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Milli Liderimiz ilki metjidiň daş-töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleri, il içinde “Allanyň öýi” hasaplanýan kaşaň binanyň gümmezleriniň reňk aýratynlyklaryny synlady. Hajy Arkadagymyz metjidiň içiniň we daşynyň bezeg işlerine, binanyň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna, arassaçylygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işlerine, döwrebap binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alyp, täze metjidiň gurluşygynda dowam edýän işler barada maglumat berdi. Şeýle hem bu ýerde 30 müň orunlyk metjide ýazyljak namazlyk halynyň görnüşleri görkezildi.

Hajy Arkadagymyz halkymyzyň taryhyň dowamynda päklik, halallyk, ruhy kämillik ýaly ýörelgeleri esasy ugur edinendigini aýdyp, metjidiň bezeg işlerine, onuň reňk aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şunda metjidiň namazlyk halysynyň Arkadag şäherine kybap reňkde bolmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenilip, bu işde din wekilleri bilen maslahatlaşmagyň ähmiýetli boljakdygyna üns çekildi. Milli Liderimiz metjidiň bezeg serişdeleriniň talabalaýyk seçilip alynmagynyň wajypdygyny, binanyň daşky we içki bezeg işleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň yslam dünýäsinde ähmiýetli hasaplanýan metjitlere mahsus derejede bolmalydygyny aýtdy hem-de bu babatda maslahatlaryny berdi.

Hormatly Arkadagymyz “akylly” şäheriň binagärlik aýratynlygy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän metjidiň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň hiline, berkligine, uzak möhletleýinligine zerur üns berilmelidigini nygtap, bezeg işleriniň, binanyň mermeriniň we beýleki serişdeleriniň özboluşly görnüşi bilen adamlarda ýakymly täsirleri galdyrmalydygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alyp, gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesini üpjün etmek ugrunda edilýän tagallalar barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işleriniň we serişdeleriniň berkligine, uzak möhletleýinligine zerur üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, dürli maksatly desgalaryň kesgitlenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi. Şunda binalaryň daş-töwereginiň ekologik derejesi berk gözegçilikde saklanylmalydyr.

G.Mämmedowa häzirki döwürde Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri, şäheriň ähli künjeklerinde alnyp barylýan arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleriniň netijeleri, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly tagallalarynyň üpjün edilýändigi barada maglumat berdi. Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uly dabaralara beslenmelidigini, baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy. Baýramçylyk çärelerine ähli atşynaslar bilen bir hatarda, şäher ilatynyň işjeň gatnaşmagy ugrunda-da zerur tagallalar edilmelidir.

Soňra Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň häkimliginiň binalarynyň ýene biriniň gurluşygynyň ýokary derejede alnyp barylýan ýerine gelip, häkimligiň binasynyň aýratynlyklary, onuň mejlisleri, dürli maslahatlary geçirmäge niýetlenen otaglary, metbugat zallary, hojalyk işlerine degişli otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bu babatda degişli maglumatlary berdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik, durmuş maksatly binalarda bolşy ýaly, şäheriň edara ediş desgalarynda hem enjamlaşdyryş işleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini, olarda degişli işleri, duşuşyklary geçirmek, žurnalistleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, sanly ulgamyň täzeçilliklerini ornaşdyrmak üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

G.Mämmedowa şäher häkimliginiň desgalarynyň gurluşygynyň batly depginde alnyp barylmagyna ýakyndan ýardam berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza häkimligiň ähli işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň çäginiň yzygiderli giňeýändigi, onuň düýpli ösüp-özgerýändigi bilen baglanyşykly işleriň hemmetaraplaýyn açylyp görkezilmegi, onuň halkara giňişlikde wagyz edilmegi ugrunda zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy we bu babatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna birnäçe maslahatlary berdi.

Gahryman Arkadagymyz öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.