Ï Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy

view-icon 77

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady. Awstriýa ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelende, Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Milli Liderimiz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli daşary syýasatyň netijesinde Türkmenistan dünýäniň dürli ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny many-mazmun taýdan baýlaşdyryp, özara ynanyşmagyň ýokary derejesini görkezýär. Deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, uzak möhletleýinlik ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan türkmen-awstriýa gatnaşyklary hem munuň aýdyň mysalydyr. Iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar dürli derejedäki yzygiderli duşuşyklar bilen häsiýetlenýär. Awstriýa Respublikasy Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlygy, energetika durnuklylygyny, ulag geçelgelerini ösdürmegi üpjün etmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldap, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Merkezi Aziýada durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde eýeleýän ornuny ykrar edýär.

Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň alyp barýan işi ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň wajyp guraly hökmünde çykyş edýär. Bu düzümiň yzygiderli geçirilýän mejlisleri gazanylýan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini seljermäge, söwda, maliýe we maýa goýum ulgamlarynda täze ugurlary kesgitlemäge, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan senagat pudagynda gurluşyk hem-de gaýtadan işleýän senagatda baý tejribesi bolan Awstriýanyň tehnologik innowasiýalaryny çekmäge uly gyzyklanma bildirýär. Awstriýanyň kompaniýalary iri şähergurluşyk, senagat taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşyp, halkara hil we ekologik howpsuzlygyň standartlaryna laýyk gelýän ýokary tehnologik çözgütleri ornaşdyrýarlar.

Ulag-kommunikasiýa ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan strategik ugry hökmünde çykyş edýär. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Gündogar — Günbatar ugry boýunça yklymara geçelgeleri kemala getirmek şertlerinde awstriýaly hyzmatdaşlaryň logistik merkezleri, demir ýol düzümini dolandyrmakdaky tejribesi Türkmenistanyň Ýewraziýanyň esasy ulag merkezine öwrülmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ekologik talaplara laýyk getirmegi maksat edinýändigini nazara almak bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, uglerod zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlyk durnukly geljegiň bähbidine bilelikdäki işler üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Iki ýurduň halklaryny ruhy taýdan birleşdirmekde, medeni alyşmalary işjeňleşdirmekde Türkmen-awstriýa jemgyýetine esasy orun degişlidir. Özara Medeniýet günleriniň, sergileriň, döredijilik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi birek-biregiň baý medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge ýardam berip, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň halklarynyň arasyndaky dostluk, özara düşünişmek köprülerini pugtalandyrýar. Saz diplomatiýasy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özboluşly aýratynlygyna öwrüldi. Ýurdumyzda geçirilmegi däp bolan Wena ballaryny munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň bilelikdäki konsertleri milli saz mekdepleriniň özboluşly sazlaşygyny dabaralandyryp, sungatyň dostlukly gatnaşyklaryň we parahatçylygyň ählumumy dili hökmündäki ornuny has-da berkidýär.

Ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem yzygiderli ösdürilýär. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, bilelikdäki okuw maslahatlarynyň, hünärmenleri alyşmak maksatnamalarynyň geçirilmegi Türkmenistanyň bilim ulgamyna Ýewropanyň öňdebaryjy usulyýetlerini ornaşdyrmaga, ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklary üçin hünärmenleriň täze neslini taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistan we Awstriýa hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassyklaýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dostlugyň berk binýadyna, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine esaslanýan bu hyzmatdaşlyk iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň abadan durmuşynyň bähbidine täze belentliklere ýetmäge gönükdirilendir.

...Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Wena-Şwehat Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Awstriýa Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň resmi wekilleri mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Awstriýa Respublikasyna sapary dowam edýär.