Hormatly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda guralýan bu halkara forumyň syýahatçylyk pudagynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljekdigine berk ynanýaryn.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam edýär. Dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen ýola goýlan hoşniýetli hyzmatdaşlyk yzygiderli ilerledilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynda alnyp barylýan giň gerimli işler hem barha rowaçlanýar. Bitarap Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasy, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk pudagyň ösüşinde täze mümkinçilikleri açýar.
Bu syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň geçirilmegi bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň binýadynyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Sergä ýurdumyzyň we dünýä döwletleriniň syýahatçylyk kärhanalarynyň gatnaşmagy özara tejribe alyşmaga, birek-biregi alnyp barylýan işler, täze taslamalar bilen ýakyndan tanyşdyrmaga uly ýardam berer. Halkara maslahatyň dowamynda geçiriljek iş duşuşyklary, okuw we ylmy-amaly maslahatlar, syýahatçylyk gezelençleri bu çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda halkara syýahatçylygyň baý tejribesi ornaşdyrylan, hukuk, ykdysady, durmuş esaslary döwrebaplaşdyrylan milli syýahatçylyk pudagy kemala geldi. Bu ugurda halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi pudagy döwrebaplaşdyrmakda, ugurdaş düzümler bilen gatnaşyklary ösdürmekde örän ähmiýetlidir.
Gadyrly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Hormatly dostlar!
Türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklary, taryhy ýadygärlikleri, baý medeni mirasy, däp-dessurlary umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orun aldy. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan milli sungatymyzyň naýbaşy nusgalarynyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň birnäçe görnüşleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň we Maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizildi. Ýurdumyzyň «Gadymy Merw», «Nusaý», «Köneürgenç» ýaly döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň ýadygärlikleri, şeýle hem «Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly döwletara taslamanyň çäginde Beýik Ýüpek ýolunyň Amul — Merw şahasy, «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalary, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda orun aldy. Bu ýerler özüniň örän irki asyrlara degişli gadymy ýadygärlikleri we täsin tebigaty bilen dünýä syýahatçylygynda giňden meşhurdyr.
Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň sanawyna girizilen Aşgabat, ajaýyp binalary bilen haýran galdyrýan Arkadag şäherleri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Garagum sährasynyň hem-de Köýtendagyň tebigy täsinlikleri ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň geljeginiň uludygyna doly güwä geçýär. Şeýle halkara sergileriň we maslahatlaryň geçirilmegi Garaşsyz ýurdumyzyň taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklerini, gözel ýerlerini mahabatlandyrmakda hem-de olara daşary ýurtly syýahatçylary çekmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilmegi ajaýyp sazlaşygy döredýär. Berkarar döwletimiz häzirki döwürde bedew batly ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynda gazanylýan uly üstünlikler bolsa Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny, dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende göterýär.
Sizi «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda ýadawsyz alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.