Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

view-icon 265

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gurban baýramy mynasybetli mähirli we tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Goý, iň esasy hem-de uly sarpa goýulýan musulman baýramlarynyň birini uly şatlyk bilen belleýän millionlarça ynsanyň kalplarynyň kuwwaty Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde duýgudaşlygyň we adalatyň, özara düşünişmegiň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň dabaralanmagyna ýardam bersin! Beýik Biribardan Size we Siziň ýakynlaryňyza, Türkmenistanyň halkyna egsilmez rysgal eçilmegini dileýärin hem-de baýramçylyk ruhubelentligini, berk jan saglyk, ähli başlangyçlaryňyzda täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany.