Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

view-icon 71
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi.

Döwlet Baştutanymyz Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Fizuli şäherine ugrady. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Fizuli Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.

Howa menzilinden döwlet Baştutanymyz we Prezident Ilham Aliýew bilelikde awtoulagda Fizuli şäherine ugradylar.

Ýolugra ýörite gurnalan ýerde hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan binalaryň, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidiň şekil taslamalary bilen tanyşdyryldy. Bu metjidiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bina edilýändigini bellemek gerek. Fizuli şäherinde gurulýan metjit ynsanperwerligi, agzybirligi, jebisligi we asylly işlere ygrarlylygy durmuş ýörelgesi edinýän türkmen hem-de azerbaýjan halklarynyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşanyna öwrüler.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman binagärlik talaplaryna doly laýyk gelýän metjitler gurlup ulanmaga berilýär. Türkmençilikde Allanyň öýi hasaplanýan metjitleriň bina edilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ynsanperwer işleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň tagallalary esasynda Arkadag şäherinde 30 müň adama niýetlenen täze metjidiň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny nygtamak gerek.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýew iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanyna öwrüljek bu metjit üçin azerbaýjan halkynyň adyndan döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherine ugradylar. Şuşa şäherine barýan ýoluň ugrunda iki ýurduň Liderleri sebitiň gözel künjekleriniň biri bolan Daşalty düzlüginde saklandylar. Hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti bu ýeriň tebigatyny synladylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra döwlet Baştutanymyz we Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherindäki täze ýaşaýyş jaýlar toplumy bilen tanyşdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze ýaşaýyş jaý toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri bu giň gerimli işleriň aýdyň nusgasydyr.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary täze gurulýan Şuşa metjidine baryp gördüler. Hormatly Prezidentimize metjidiň binagärlik taslamasy we çyzgylary görkezildi. Bu medeni-ruhy desganyň daşky görnüşi, içerki bezegleri yslam hem-de ýerli binagärligiň nusgawy däplerini, özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýär.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň ömrüne, döwlet işine we bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlaryna bagyşlanan ýörite sergä baryp gördüler. Sergide Geýdar Aliýewiň Watanyň öňündäki hyzmatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar, resminamalar, wideofilmler görkezilýär.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary Hurşidbanu Natuwanyň, Üzeýir Gajibeýliniň, Bülbüliň heýkellerini synladylar. Bu meşhur sungat ussatlarynyň galdyran baý medeni mirasy dogduk mekanynyň çäklerinden has uzaklara ýaýrap, dünýäniň medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda olaryň manyly ömür ýoly, gymmatly eserleri giňden öwrenilýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Şuşa galasyna bardylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimize XVIII asyrda Panah Ali han tarapyndan düýbi tutulan täsin desganyň taryhy barada giňişleýin gürrüň berildi. Döwlet ähmiýetli binagärlik ýadygärligi bolan Şuşa galasy 1752-nji ýylda belent baýryň üstünde gurlupdyr. Gala dürli medeniýetlerdir halklar üçin möhüm merkez bolupdyr. Şuşa galasyny gurşap alýan tebigy gözellikler jahankeşdelerde, suratkeşlerde uly täsir galdyrýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Şuşa galasynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.

Şäheriň medeni ýadygärlikleri bilen tanyşlygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew Bülbüliň öý-muzeýine baryp gördüler.

Türkmen we azerbaýjan halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly adyň eýesi bolan Polat Bülbül ogly belent mertebeli myhmanlary muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Muzeýde häzirki zaman azerbaýjan wokal sungatynyň düýbüni tutujy Bülbüliň çagalyk we maşgala fotosuratlary, şahsy zatlary, aýdymçynyň döredijilik, ylmy-pedagogik, jemgyýetçilik işini beýan edýän resminamalar bar. Polat Bülbül ogly azerbaýjan hem-de türkmen halklaryny taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Jydyr düzüne bardylar. Belent gaýalaryň gyrasynda ýerleşýän bu täsin tebigy ýer gadymy döwürlerden bäri atly bäsleşikleriň, milli oýunlaryň, dabaralaryň geçirilýän meýdançasy hasaplanýar.

Ýeri gelende bellesek, türkmen halky hem müňýyllyklaryň dowamynda bedewlere aýratyn sarpa goýup gelýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler döwlet syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary abraýly ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýar.

...Jydyr düzünde döwlet Baştutanymyza belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan Mert atly bedew sowgat berildi. Munuň özi ýurdumyzda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen ýylda aýratyn many-mazmuna eýedir. Prezident Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyza atyň şahadatnamasyny gowşuryp, Türkmenistanda atşynaslygy ösdürmek boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi.

Hormatly Prezidentimiz minnetdarlyk bildirip, bu sowgady türkmen-azerbaýjan mizemez dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de Prezident Ilham Aliýew ýadygärlik surata düşdüler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz azerbaýjan halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny açyp görkezýän gezelenjiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Prezident Ilham Aliýewe hem-de azerbaýjan tarapynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde Fizuli şäheriniň Halkara howa menziline geldiler. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyz hem-de Prezident Ilham Aliýew mähirli hoşlaşyp, birek-birege we Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň medeni maksatnamasyny tamamlap, Watanymyza ugrady.

Biraz wagtdan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklar we gazanylan ylalaşyklar bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýady goýmak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge itergi berer.