Ï Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 174

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Walentina Matwiýenko Gahryman Arkadagymyzyň russiýa-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde bitirýän hyzmatlarynyň ähmiýetini belläp, Prezident Wladimir Putiniň Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize salamyny we rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny öz içine alýan dialog dostlugyň, özara hormat goýmagyň we goldaw bermegiň berk däplerine esaslanýan gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan netijeli gatnaşyklar köpugurly özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy orny eýeleýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň we Russiýanyň dostlukly halklaryna bolsa, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.