Ï Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine döredijilikli strategiýa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine döredijilikli strategiýa

view-icon 63

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen strategik hyzmatdaşlygy ilerletmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmak, Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de berkitmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar.

29-njy iýunda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine doglan güni, şeýle-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şanly senesi mynasybetli gutlaglar beýan edildi.

Maslahatda galla oragyny agrotehniki möhletlerde doly tamamlamak, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işlerinde agrotehniki kadalaryň talabalaýyk berjaý edilişini üpjün etmek, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Ahal, Balkan welaýatlarynyň gallaçy babadaýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda Karara gol çekdi.

29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň öňdebaryjy korporasiýalarynyň ýolbaşçylaryny, hususan-da, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny, “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini, «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň wise-prezidenti Kenji Sanadany kabul etdi. Duşuşyklaryň dowamynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek, iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere seredildi, şeýle-de Gahryman Arkadagymyza doglan güni hem-de sebitde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň şanly senesi mynasybetli gutlaglar beýan edildi.

Sebitleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, iri infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmagyň geljekki mümkinçilikleri hormatly Prezidentimiziň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz doglan güni mynasybetli döwlet Baştutanlaryndan, parlament ýolbaşçylaryndan, görnükli döwlet we syýasy işgärlerden, halkara guramalaryň, parlamentara düzümleriň ýolbaşçylaryndan, dini we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden köp sanly gutlaglary, iň gowy arzuwlary kabul etdi. Gutlag hatlarynda, telefon arkaly söhbetdeşliklerde Milli Liderimiziň eziz Watanymyzyň ösüşine, onuň dünýädäki abraýynyň pugtalanmagyna goşýan uly goşandy, hoşniýetli goňşuçylyk, bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygy aýratyn nygtaldy. Munuň özi köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň berk binýady bolup hyzmat edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bina edilen, Watanymyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň üç ýyllygyna bagyşlanan dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan şäheriň häkimliginde «Arkadag şäheri — röwşen geljegiň aýdyň ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň şäheriň düýbi tutulan wagtyndan bäri onuň gurluşygyny hemişe üns merkezinde saklaýandygy nygtaldy. Täze şähere amala aşyrýan her gezekki iş saparynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri möhüm gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşýar. Gahryman Arkadagymyzyň desgalaryň ulanyş aýratynlyklaryna, ygtybarlylygyna, howpsuzlygyna, daşky bezegine degişli berýän gymmatly maslahatlary taslama düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar üçin ýolgörkeziji çelgä öwrülýär.

“Märkaw” medeni-dynç alyş merkezinde Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň üç ýyllygyna hem-de halkdan gelip gowşan köp sanly haýyşlar we teklipler nazarda tutulyp, döwrebap şäherde bina edilýän, 30 müň adama niýetlenen metjidiň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagynyň biragyzdan goldanylmagyna bagyşlanan toý sadakasy berildi. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary Arkadag şäheriniň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.

1-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

1-nji iýulda hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýewi kabul etdi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek syýasy geňeşmeleriň möhüm ähmiýetini belläp, döwlet Baştutanymyz onuň netijeleriniň döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi. Toparyň nobatdaky mejlisi ýakynda Astanada geçirildi. Onuň işi hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini açmaga, özara söwdanyň möçberini artdyrmaga, maýa goýumlary we bilelikdäki taslamalary işjeňleşdirmäge ýardam berýär. Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär.

3-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetimizi hem-de býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýangyç-energetika pudagynyň önümçilik işini kämilleşdirmek, oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmek, ýerli çig mal serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň hasabyna himiýa senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýaly meseleler bar. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Duşenbe şäherinde geçiriljek Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Mejlisde Diýarymyzyň taryhy ýadygärlikleriniň sanly binýadyny döretmek hem-de saglygy dikeldiş hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýaşlaryň arasynda «Sanly çözgüt — 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Bäsleşik emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, sanly lukmançylyk, bilim we elektron okuw, “akylly” şäherler, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary, hyzmatlar ulgamy ugurlary boýunça geçiriler. Bäsleşige hödürlenen taslamalary ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça işlerde ulanmak we milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda önümçilige ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Mejlisiň dowamynda beýan edilen teklipleri makullap, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara meýilleşdirilen işleri durmuşa geçirmek üçin zerur çäreleri görmek barada tabşyryklary berdi.

3-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynda saparda boldy. “Mehrabad” Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

“Saadabad” toplumynyň “Serwestan” köşgünde Gahryman Arkadagymyz bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler we iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary türkmen we eýran halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen geçiren duşuşygynda taraplar parlamentarileriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň, kanun çykaryjylyk ulgamynda yzygiderli tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Eýran tarapynyň haýyşy boýunça, Eýranyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýni bilen geçirilen söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyz degişli sowallara jogap berip, türkmen-eýran hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary hakyndaky pikirlerini beýan etdi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Mosalla Ymam Homeýni metjidine bardy we ol ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň merhum ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen hoşlaşyk matam çäresine gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz merhum Lideri we onuň maşgala agzalaryny hatyralap, Beýik Biribardan merhumlaryň ruhlarynyň şat, imanlarynyň hemra bolmagyny dileg etdi. Milli Liderimiz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we beýleki ýokary derejeli wekillere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle-de hut öz adyndan, tutuş türkmen halkynyň adyndan hasratly günde çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi we gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mejlisde Keniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Jonah Maina Mwangiden ynanç haty kabul edildi. Diplomat ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Afrika yklymynyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň sentýabrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk çärelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä gatnaşan daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, halkara sport meýdançalarynda ahalteke atlarynyň üstünlikli çykyş etmegini üpjün etmek maksady bilen, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan görülýän çäreler barada maglumat berildi. Şeýle-de milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamynda Watanymyzyň häzirki ýeten derejesini halkara jemgyýetçilige giňden tanyşdyrmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň many-mazmunyny wagyz etmek üçin meýilleşdirilýän çäreler barada maglumat berildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabaraly mejlisde bu mesele hakynda has giňişleýin durlup geçildi. Çykyş edenler ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny, milli atşynaslyk sungatynyň abraýyny has-da artdyrmak we wagyz etmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň suw hojalyk pudagyny ösdürmek, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly güýjünde ulanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, geçen hepdede Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze suw göteriji beketler, Aşgabat şäherinde Garagum derýasynyň ugrunda gurlan, kuwwaty sekuntda 181 kub metre deň bolan suwy geçirmäge mümkinçilik berýän suw akymyny sazlaýjy-bekleýji desga ulanmaga berildi. Bu täze desgalardaky ähli işler öňdebaryjy sanly tehnologiýalar esasynda, awtomatlaşdyrylan tertipde dolandyrylýar. Gökdepe etrabyndaky beketleriň biri bolsa Gün panelleri bilen enjamlaşdyrylandyr.

Daşoguz pagta egriji fabriginde nah we ýüň galyndylaryny, gamyş hem-de gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde, gurluşykda ulanylýan serişdeleri öndürýän önümçilik desgasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze iş orunlarynyň 60-sy döredilen toplumyň kuwwaty ýylda 7 müň 200 tonna önüm öndürmäge niýetlenendir.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini mundan beýläk-de ilerletmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge gönükdirilen syýasatynyň işjeň häsiýetini aýdyň görkezdi.