Ï Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen duşuşdy

view-icon 30
Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýns bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de amerikan wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berdi we dünýäde ykrar edilen tejribeli syýasatçy, parasatly Lider hökmünde giňden tanalýan Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem ol mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Donald Trampyň Milli Liderimize iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ABŞ-nyň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň şu saparynyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky netijeli dialogy ösdürmäge goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň şanly 250 ýyllygy mynasybetli senator Stiw Deýnsi we ýurduň ähli halkyny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan ABŞ bilen özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurtlarymyz köp ýyllaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Gahryman Arkadagymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda işjeň dialogyň ýola goýlandygyny belledi. Bu bolsa parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada netijeli pikir alyşmaga ýardam berýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýar. Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinde ählumumy parahatçylygy, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny nygtap, Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna minnetdarlyk bildirdi.

Senator Stiw Deýns ABŞ bilen Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandyklaryny belledi. Şeýle hem myhman Gahryman Arkadagymyzyň sporty, hususan-da, golf sportuny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýdyp, ABŞ-da hem bu sportuň muşdaklarynyň örän köpdügine ünsi çekdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady ulgam Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň uly goşandy bellenildi. Köp ýyllaryň dowamynda “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case New Holland” ýaly iri amerikan kompaniýalary Türkmenistanda netijeli we möhüm taslamalary amala aşyrýarlar.

Duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlary hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin geljegi uly ugurlaryň hatarynda bellenildi. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we baý tebigy gorlary halkara derejede iri taslamalary öňe sürmäge şert döredýär. Ýurdumyz Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, sebitde geljegi uly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýokary baha berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu taslamanyň ykdysady durnuklylygy, sebit hyzmatdaşlygyny, abadançylygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz bilim we ylym ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, ýurdumyzyň medeniýetara dialogy hemmetaraplaýyn giňeltmäge gönükdirilen tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Bellenilişi ýaly, medeni maksatnamalar, bilim taslamalary, ylmy hyzmatdaşlyk halklarymyzyň däp-dessurlaryny hem-de gymmatlyklaryny has içgin öwrenmäge ýardam berýär. Şeýle hyzmatdaşlyk özara ynanyşmak, hormat goýmak ýagdaýyny kemala getirýär. Bu bolsa uzak möhletleýin diplomatik gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegine ýardam edýär.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen uzak möhletleýin, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýns birek-birege berk jan saglyk, işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.