Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň edermen gallaçylarynyň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, uly zähmet üstünligini gazanmaklary mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.
Gutlagda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzyň sebitlerinde iş saparlarynda bolup, kärendeçilerdir daýhanlar bilen duşuşmagy, olaryň hal-ýagdaýy barada yzygiderli gyzyklanmagy topraga ykbalyny baglan oba zähmetkeşlerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. “Şeýlelikde, Watanymyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, rysgal-berekedi döretmek, bol galla hasylyny öndürmek, oba hojalygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramak maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Daýhanlar üçin oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýörite ýer gaznalary döredilýär, dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnikalaryny, enjamlaryny satyn almak, önümçilige öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmak babatda ähli şertler döredilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz Gutlagynda nygtaýar.