Ï Durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap

view-icon 49

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiliki syýasaty, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde dünýä ýurtlary bilen netijeli dialogy ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezdi. Bu bolsa syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Galla oragy möwsümine, geljekki ekişiň düýbüni tutmak hem-de gowaça ideg etmek işlerine aýratyn üns berildi.

7-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Azerbaýjan bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzy taryhy we medeni däpleriň umumylygy, özara hormat goýmak, ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygy baglanyşdyrýar. Türkmenistan hem-de Azerbaýjan ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli dialog ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmäge itergi berip, netijeli özara gatnaşyklar üçin amatly şertleri döredýär.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň ýakynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini belledi hem-de türkmen halkyna sowgat berlen “Dostluk” gämisi üçin azerbaýjan tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Geýdar Aliýew adyndaky gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikde guramagynda şu ýylyň 19-njy oktýabry — 30-njy noýabry aralygynda Türkmenistanda “Tebigat — ene” atly halkara çäräni ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görülýändigini aýtdy.

8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Azerbaýjan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzy hem-de halklarymyzy özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Syýasy dialog yzygiderli pugtalandyrylýar, söwda-ykdysady gatnaşyklar giňeldilýär, bilelikdäki giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Duşuşykda şu ýyl ýurdumyzda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygy aýdyldy.

Söhbetdeşler ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde hökümetara toparyň wajyp ornuny bellediler. Şeýle hem iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşişini netijeli ulanmagyň möhümdigine üns çekildi. Munuň özi energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, logistika ugurlaryny kämilleşdirmek, halkara ähmiýetli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

8-nji iýulda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisiniň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde ykdysadyýetiň, maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi. Nebitgaz, elektroenergetika, ulag-logistika, üstaşyr geçirmek, sanly ösüş, telekommunikasiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Mejlise gatnaşyjylar ylym, taryhy we golýazma edebiýatyny öwrenmäge, sport, ýaşlar syýasaty ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmalaryň uludygyny bellediler. Mundan başga-da, oba hojalyk, azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, şäher gurluşygy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Mejlisiň jemleri boýunça kabul edilen degişli Teswirnamada hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikde durmuşa geçiriljek anyk işler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýetleriniň dar düzümdäki duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň ugurlary barada giňişleýin pikir alyşmalar boldy.

9-njy iýulda hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Myhman Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz, pursatdan peýdalanyp, Prezident Donald Trampa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlygynyň şanly 250 ýyllygy mynasybetli myhmany we ABŞ-nyň halkyny gutlady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika, ulag, maliýe, bank, öňdebaryjy tehnologiýalar, emeli aň ýaly möhüm ugurlarda ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýurdumyz tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de öndürijileriň, sarp edijileriň, üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini deň derejede nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz energetika babatda sebitde geljegi uly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýurdumyzyň ýokary baha berýändigini aýdyp, bu taslamanyň sebitde ykdysady ösüşi, hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Bilim, ylym, medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp bölegi bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýns bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

10-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.

Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,7 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 7,5 göterim artdy. Şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,1 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,4 göterim berjaý edildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim artdy we jemi içerki önümiň 16,5 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 45,1 göterimi önümçilik, 54,9 göterimi durmuş hem-de medeni maksatly binalara gönükdirildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 18 milliard 600 million manada golaý düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,3 göterim köpdür. «Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 309 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösdürildi. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler dowam etdirildi. Ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz öňde duran meýilnamalara ünsi çekip, ýylyň ikinji ýarymynda halkara ähmiýetli köp sanly syýasy çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny ýokary derejede geçirmäge düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyna üns çekildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyzlyk baýramyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň baýram edilýän günlerinde dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onda Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünliklere garalar, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini we ýerini kesgitlemek, ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmegiň hem-de onuň düzümini tassyklamagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan başlap dynç almaga rugsat berýändigini aýdyp, ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini mälim etdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, bu ugurdaky bellenen meýilnamany üstünlikli berjaý eden gallaçy babadaýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlady we olara täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň üstünliklerine bagyşlanan dabara geçirildi. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşan çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Çagalara ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga we gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy.