Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 592

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

RF-niň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem Prezident Wladimir Putin döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşýan uly goşandyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny tüýs ýürekden hormatyň we dostlugyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasyna saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz ses berlişigiň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, Russiýanyň parlamentiniň täze düzümine ýurduň we onuň raýatlarynyň bähbidine netijeli zähmet çekmegi arzuw etdi hem-de Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentleriniň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen özara ynanyşmak, hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Nygtalyşy ýaly, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem BMG-niň, GDA-nyň, ŞHG-niň we beýleki halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk edýändigini, şu ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitiniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, bu çärelere RF-niň Prezidentiniň gatnaşmagynyň ýokary derejeli forumlara aýratyn ähmiýet berjekdigini belledi.

Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitine gatnaşjakdygyny ýene bir gezek tassyklady.