Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Halkymyzyň saglygy baradaky alada Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Şunda şypahana düzümlerine möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda lukmançylyk, şypahana-dynç alyş, syýahatçylyk ugruna degişli täze desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki zaman şypahanalarynyň enjamlaşdyrylyşy we olarda hödürlenýän hyzmatlar ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýär. Bu ugurda «Arçman» şypahanasy ýurdumyzyň esasy bejeriş merkezleriniň biridir. Şypahanada ýola goýlan hyzmatlar, onuň bejeriş suwunyň derejesi bu ýerde saglygyny berkidýänlere özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, ýokary derejeli dynç almak, saglygyny berkitmek üçin bu ýere gelýänleriň sany yzygiderli artýar. Munuň özi şypahanada ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary halkara görkezijilere we saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Mälim bolşy ýaly, «Arçman» şypahanasynda gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen giň gerimli işlere badalga berildi. 2009-njy ýylda bu ýerde 400 orunlyk täze bina guruldy. Şypahana 7 kilometr uzaklykdan agyz suwy çekildi we giň gerimli abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da, şypahananyň çäklerinde Saglyk ýoly çekildi. Bu bolsa şypahananyň melhem suwy arkaly bejerişiň sportuň dürli görnüşleri bilen utgaşdyrylmagyny üpjün edýär.
Raýatlara hödürlenilýän hyzmatlary has-da kämilleşdirmek maksady bilen, şypahananyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we täze binalary gurmak boýunça degişli işler durmuşa geçirildi. Şu ýylyň awgust aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Arçman» şypahanasynda bolup, bu ýerde goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu ýerde mineral suw içilýän binanyň, çagalar üçin oýun otaglarynyň, dürli maşklary ýerine ýetirmäge niýetlenen türgenleşik zalynyň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň gurluşyk işleri ýerine ýetirildi. Munuň özi şypahananyň hyzmatlarynyň we mümkinçilikleriniň dünýä standartlaryna laýyk gelmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynyň täze açylýan 400 orunlyk bejeriş merkeziniň öňündäki meýdança geldi. Hemmeler Milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz ýörite taýýarlanylan münbere bardy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeleri mähirli mübärekläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady bolýandygymyzy, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýändigini aýtdy hem-de dabara gatnaşyjylary we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy, halkymyza hyzmat etjek bu döwrebap şypahananyň täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň «Ähli zadyň sakasy saglyk», «Saglygym — baş baýlygym», «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýen pähimlerinden ugur alyp, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär.
Gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, dürli sport desgalary ýurdumyzda baş baýlygyň halkyň saglygy bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýşyny we derman senagatyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine 30 ýyl dolandygyny, munuň aýratyn şanly sene bolup durýandygyny belläp, maksatnamanyň kabul edilen wagtyndan bäri lukmançylyk ulgamyna häzirki döwrüň iň kämil tehnologiýalarynyň we öňdebaryjy dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylýandygyny, bu ugurda döwletimiz tarapyndan köp serişdeleriň goýberilýändigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem sebitlerimizde döwrebap saglygy goraýyş edaralarynda ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk kömegi ýola goýlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy kämilleşdirilýär. Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy uly işleri durmuşa geçirýär. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan dürli görnüşli lukmançylyk önümleri öndürilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän ynsanperwer işleriň dabaralanýandygynyň nyşanydyr.
– Bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Biz bu ynsanperwer işi geljekde hem dowam ederis. Bu işleriň ählisi halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny aýdyň görkezýär — diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Türkmen topragy saglygy dikeltmek we goramak üçin özünde ägirt uly güýçleri jemleýän hakyky melhemler mekany bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň her welaýatynda döwrebap şypahanalar hereket edýär. Olarda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň däbe öwrülen usullary, şeýle hem innowasion lukmançylyk tehnologiýalary täsin tebigy we howa şertleri bilen utgaşdyrylýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, jana şypaly howasy bolan «Arçman» we «Ýyly suw» şypahanalary bolsa ýurdumyzyň çäklerinden alyslarda hem meşhurlyga eýedir. Bu ýerde ähli zat — täsin suw, arassa dag howasy we elbetde, saglygy goraýyş işgärleriniň ýokary hünär taýýarlygy näsaglaryň tiz sagalmagyna ýardam edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Arçman» şypahanasynda täze gurlan 400 orunlyk goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynda birnäçe köpugurly bölümleriň hereket etjekdigini, olaryň dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendigini aýdyp, şypahanada raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmegi we dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini, dynç alýanlaryň, şeýle hem maşgala bolup dynç alýanlaryň amatly ýaşamagy üçin ähli şertleri üpjün edýän otaglaryň ýerleşdirilendigini belledi.
Bellenilişi ýaly, täze gurlan bejeriş binalar toplumy dört gatdan ybarat bolup, onda dürli ýaşdaky adamlara saglygyny bejertmek we dikeltmek üçin ähli amatly şertler döredildi. Şypaly suw bilen bejeriş binasy bir wagtyň özünde 100 adama wanna bejergisini bermäge niýetlenendir. Mundan başga-da, binada mineral suw bilen bejermek usullaryny amala aşyrmak üçin birnäçe bejeriş otaglary ýerleşdirildi. Täze binalar toplumynda dürli görnüşli melhemlik otlardan taýýarlanyp berilýän fitobar göz öňünde tutuldy. Bu ýerde bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri peýdalanmak bilen, fizioterapiýa usullary ulanylýar. Bu barada lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy işinde giňden gürrüň berilýär.

Şypahananyň mineral suw içilýän binasy hem doly döwrebaplaşdyryldy. Bu melhem suwy aşgazan-içege ýollarynyň dowamly kesellerinde içimlik, deri kesellerinde wanna we öt ýollarynyň dowamly kesellerinde iýmit siňdiriş ýollaryny ýuwmak görnüşinde ulanylýar.
Döwrebap şypahanalar, sport desgalary we sagaldyş merkezleri halkymyzyň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolmagyny üpjün edýär. Çünki sagdyn millet güýçli döwletiň, bagtyýar geljegiň we synmaz kuwwatyň berk binýadydyr.
Gahryman Arkadagymyz ertir ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň döwrebap binalarynyň açylyp ulanmaga beriljekdigini aýdyp, şeýle häzirki zaman şypahananyň, döwrebap, halkara saglygy goraýyş merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmegi bilen ýurdumyzyň ilatyna edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hiliniň has-da ýokarlanýandygyny, täze iş orunlarynyň döredilýändigini, lukmanlaryň iş şertleriniň has-da gowulanýandygyny, munuň bolsa saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek üçin alnyp barylýan giň gerimli işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini, raýatlarymyzyň saglygyny goramaga, saglyk abadançylygyny üpjün etmäge hemişe uly ähmiýet beriljekdigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda dabara gatnaşyjylary we saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy hem-de «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine bolsa ynsan saglygyny goramak ýaly asylly we jogapkärli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri dabaraly ýagdaýda «Arçman» şypahanasynyň täze açylýan 400 orunlyk binasynyň açylyş toý bagyny kesdi. Şol pursat şatlyk-şowhunly el çarpyşmalar bilen aýdym-sazyň ýaňlanmagynda dürli reňkdäki şarlar asmana uçuryldy.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy binada döredilen şertler bilen tanyşdy.
Dünýä standartlaryna laýyk gelýän bu döwrebap şypahanada dynç alýanlar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Bu bejeriş merkezi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipelerini amala aşyrmak, ýagny ilatyň saglygyny goramak, ömrüň dowamlylygyny uzaltmak we keselleriň öňüni almak üçin ýokary derejeli lukmançylyk kömegini amala aşyrýan saglygy goraýyş edaralarynyň biri hökmünde hyzmat edýär.
6 gatly özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan şypahanada keselleri anyklamak we bejermek işleri ýerine ýetirilýär. Binanyň anyklaýyş otaglarynyň ählisi häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede enjamlaşdyrylypdyr. Bölümlerde ornaşdyrylan enjamlaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlarydygyny we olaryň sebitde iň täzeleridigini bellemek gerek. Bu ýerde galwanik, fitowanna, SPA-kapsula, infragyzyl sauna, ozonoterapiýa, galoterapiýa, aeroionoterapiýa, parafin, UWÇ we şöhle arkaly bejergiler amala aşyrylýar.
Bejeriş işlerinde tebigy serişdeleriň we dermanlyk ösümlikleriň peýdaly häsiýetlerine giň orun berilýär. Mineral suw içilýän binada Köpetdagyň eteginden gözbaş alýan 24 mikroelemente baý mineral suw hödürlenilýär. Onuň bir litrinde 14 — 16 milligrama barabar kükürt-wodorody bolup, mineral suwuň içiliş tertibi iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinde her bir raýata aýratyn, aşgazanyň turşulygynyň ýagdaýyna görä, lukman tarapyndan bellenilýär.
Şypaly suw bilen bejeriş binasynyň bir wagtyň özünde 100 raýaty kabul etmäge mümkinçiligi bar. «Arçmanyň» şypaly suwunyň esasynda kükürtli-wodorodly bejeriş wannalary gan aýlanyşygyny gowulandyrmakda hem-de deri kesellerinde ýaramly bolup, nerw ulgamynyň işjeňligini we bedeniň umumy ýagdaýyny kadalaşdyrmaga ýardam berýär. Mundan başga-da, şypahanada dermanlyk otlar bilen taýýarlanýan fitowannalar, aromaterapiýa we ingalýasiýa bejergileri dem alyş hem-de nerw ulgamyny rahatlandyryp, bedeniň gorag ukyplaryny we immunitetini ýokarlandyrýar.

Bejeriş bölüminde owkalama, fizioterapiýa, pressoterapiýa bejergileri amala aşyrylýar. Munuň özi oňurga, bogun, myşsa agyrylaryny aýyrmaga, madda çalşygyny we gan aýlanyşygyny gowulandyrmaga ýardam berýär. Şeýle hem bu ýerde bejeriş bedenterbiýesi otagy hereket edýär. Dynç alýanlar üçin amatly şertler döredilen bir orunlyk, iki orunlyk, maşgala üçin niýetlenen we lýuks otaglar göz öňünde tutulypdyr. Raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin binada bejeriş maksatly otaglardan başga-da, dynç alyş we jemgyýetçilik otaglary hem hereket edýär. Bu ýerde dietolog lukman tarapyndan ýörite düzülen aýry-aýry berhiz nahar sanawyny öz içine alýan 400 orunlyk naharhana, internet zaly, mejlisler zaly hem-de fitobar ýerleşýär. Fitobarda myhmanlara Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işinde beýan edilen ösümliklerden taýýarlanan dürli çaýlar we içgiler hödürlenilýär.
Milli aşhanamyzda gök çaýa aýratyn orun degişlidir. Gök çaý adam saglygyna berýän peýdasy bilen meşhurdyr. Ol ruhubelentligiň we güýç-kuwwatyň çeşmesi hasaplanýar. Adaty hem-de halk lukmançylygynda gök çaý iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrmak, bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny pugtalandyrmak üçin serişde hökmünde ulanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda belleýşi ýaly, çaý içmegi ata-babalarymyz nepesiňi durlamak hasap edipdirler. Çaý içilende adamyň şähdiniň açylyp, onuň on iki süňňüniň ynjalyk tapýandygyna ynanypdyrlar. Sähel ynjalyksyzlygy çaý içip ýeňip bolýandygyna bil baglapdyrlar.
Binanyň daş-töweregindäki ýaşyl meýdançada ýodalar we telärler göz öňünde tutulyp, gezelenç üçin goşmaça şertler döredilipdir. Mundan başga-da, näsaglaryň wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin toplumyň çäginde sport we oýun meýdançalary hem bar. Şypahanada döredilen bu toplumlaýyn şertler raýatlaryň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
...Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, şypahananyň anyklaýyş bölümine bardy we onuň Kardiowizor otagynda ornaşdyrylan lukmançylyk enjamlarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Lukman bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Russiýa Federasiýasynyň ýokary hilli kardiowizor enjamy bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, bu enjam ýüregiň funksional ýagdaýyny barlamak we netijeli baha bermek üçin niýetlenendir. Ýürek-damar ulgamynyň kesellerini anyklamakda ulanylýan bu enjam signalyň mikroskopik yrgyldylaryny seljermek arkaly ýüregiň aýdyň üç ölçegli (3D) modelini döredýär.
Kardiowizoryň maglumat berijilik ukyby örän ýokarydyr, hususan-da, ýüregiň işemiýa keselini, infarktdan öňki ýagdaýlary ir ýüze çykarmakda, dürli aritmiýalaryň sebäplerini anyklamakda uly ähmiýete eýedir. Şol bir wagtyň özünde, ýüregiň 3D şekilinde üýtgeşmeleriň ojagynyň nirede ýerleşýändigini we nähili derejededigini reňkli görnüşde aňladýar.

Hünärmen häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlarynyň esasynda bina edilen täze merkezi gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gastroendoskopiýa otagyna baryp, bu otagyň lukmançylyk enjamlaryny synlady. Bu ýerde lukman Ýaponiýanyň «Fujifilm» kompaniýasynyň enjamy bilen tanyşdyrdy. Enjam içinde yşyklandyryş we kamera ulgamy bolan ýumşak we gaty turbajyklar arkaly kameradan gelýän şekili uly, aýdyň edip görkezýän ýokary hilli monitorlar, içki agzalary giňeltmek üçin howa goýberýän, artykmaç suwuklyklary sorup alýan gurluş bilen üpjün edilendir. Bu enjam iýmit siňdiriş ulgamynyň agzalarynyň — gyzylödegiň, aşgazanyň we onkibarmak içegäniň doly şekilini, olardaky näsazlyklary görmäge, dürli gan akmalary duruzmaga, biopsiýa barlagyny almaga mümkinçilik berýär.
Soňra Gahryman Arkadagymyz anyklaýyş bölüminiň Asidogastrometriýa otagynda ornaşdyrylan lukmançylyk enjamlarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Otagda ABŞ-nyň «Diversatek Healthcare» kompaniýasynyň gyzylödegiň, aşgazanyň we onkibarmak içegäniň turşulyk derejesini ölçemek üçin ýöriteleşdirilen lukmançylyk enjamy ornaşdyrylypdyr. Bu enjam iki bölekden ybarat bolup, 1-nji bölegi hasaba alyş blogydyr. Ol alnan maglumatlary işläp taýýarlaýar, ekranda görkezýär we ýatda saklaýar. 2-nji bölegi pH--zondy bolup, ol näsagyň iýmit siňdiriş ulgamyna göni girizilýän bir ýa-da birnäçe elektrodly kateterden ybaratdyr. Bu enjamyň esasynda geçirilýän barlag keselleri irki döwürde anyklamak, bolup biljek gaýra üzülmeleriň öňüni almak üçin uly ähmiýete eýedir.
Halk Maslahatynyň Başlygy soňra şypahananyň ýatymlaýyn bölüminde döredilen şertler we otaglaryň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Ähli otaglar dynç alyş we sagaldyş hyzmatynyň dünýä standartlaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylyp, olarda dynç alýanlar üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Otaglar rahat mebeller, tehniki enjamlar bilen üpjün edilip, raýatlaryň saglygyny dikeltmek bilen bir hatarda, wagtyny peýdaly geçirmekleri we medeniýetli dynç almagy üçin mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri şypahananyň naharhanasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Naharhananyň enjamlaşdyrylyşy hem-de arassaçylyk derejesi häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu ýerde lukmanlaryň maslahatlaryna laýyklykda taýýarlanýan berhiz iýmitler bilen bir hatarda, ýokumlylygy bilen tapawutlanýan türkmen milli tagamlaryna hem giň orun berlipdir. Ähli tagamlar bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen, ekologiýa taýdan arassa önümlerden taýýarlanylýar.
Naharhanada nahar taýýarlamak, azyk önümlerini talabalaýyk saklamak üçin ýörite otaglar, ammarlar göz öňünde tutulypdyr. Döwrebap naharhanada sowadyş we ýyladyş ulgamlary, dürli tagamlary taýýarlamak üçin enjamlaryň kämil görnüşleri bar. Olar gündelik bişirilýän naharlaryň köpdürlüligini üpjün edýär.
Gahryman Arkadagymyz saglygyny dikeldýänleriň we dynç alýanlaryň bedenini berkitmekde iýmitleniş tertibiniň örän wajyp ornunyň bardygyny belläp, bu ugurda degerli maslahatlaryny berdi.
Tanyşlykdan soňra, Halk Maslahatynyň Başlygy şypahananyň mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyna halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Ilki bilen, «ASKIN & CO GmbH» we «Med-Lab-GmbH» kompaniýalarynyň Baş direktory Ralf Paul Lugbauere söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzy we dabara gatnaşyjylary mübärekläp, «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de şypahanada iň döwrebap lukmançylyk we bejeriş enjamlarynyň üstünlikli gurnalandygyny we ulanmaga berlendigini tassyklaýan Ýokary hil şahadatnamasyny gowşurdy.
Soňra «H2S in Balneology Global Initiative» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti, Stambul uniwersitetiniň lukmançylyk ekologiýasy we gidroklimatologiýa boýunça professory Müfit Zeki Karagülle çykyş edip, hemmeleri bu şanly waka bilen gutlady hem-de şypahana ylmy hyzmatdaşlygy, bilim we okuw işlerini, ylmy-barlaglary hem-de kükürt-wodorodly balneologik serişdeleriň jogapkärçilikli kliniki taýdan özleşdirilmegini ösdürmäge we goldamaga ygrarlydygyny tassyklaýan Resmi hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde bellenilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylýandygyny yglan etdi.
«BTL Industries Limited» kompaniýasynyň Gündogar Ýewropa we Ýewraziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Bairta Bermana söz berildi. Ol bu dabara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünliklere ýokary baha berdi hem-de wekilçilik edýän kompaniýasy tarapyndan «Arçman» şypahanasyna halkara ülňülere laýyk gelýän häzirki zaman fizioterapiýa binýadynyň döredilendigini, BTL tehnologiýalarynyň doly integrasiýa edilendigini hem-de dikeldiş kömeginiň ýokary derejesine ygrarlydygyny tassyklaýan şahadatnamanyň gowşurylýandygyny aýtdy.

Soňra Balneologiýa we klimatologiýa akademiýasynyň prezidenti Kurt fon Ştorh çykyş edip, bu şanly waka gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de şu gün ulanmaga berilýän saglygy goraýyş desgasynyň enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berip, «Arçman» şypahanasynyň döwrebaplaşdyrylmagy we dabaraly açylyşy ugrunda gazanylan üstünliklere, öňdengörüjilikli başlangyçlara we ýokary derejeli yhlasly zähmete goýulýan çuňňur hormatyň, minnetdarlygyň nyşany hökmünde Minnetdarlyk şahadatnamasyny gowşurdy.
Halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Lukman Arkadagymyz “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilen döwründen bäri milli saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny belledi. Aýratyn-da, türkmen topragynyň bejeriş ähmiýetli tebigy serişdelere baýdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz olaryň netijeli peýdalanylmagynda şypahanalara möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde, sagdyn ekologiýa ýagdaýyny saklamak döwrüň möhüm meselesidir diýip, lukman Arkadagymyz belledi we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygyna saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşýan myhmanlaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri «Arçman» şypahanasynyň işgärlerine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan şypahana sowgat berilýän awtoulaglaryň açarlaryny bu bejeriş merkeziniň baş lukmanyna gowşurdy.
«Arçman» şypahanasynyň baş lukmany Şa serpaýy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylmagy bilen hemmeleri ýene-de bir gezek gutlady we olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylmagy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.