Ï Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp

view-icon 16

Geçen hepdäniň wakalary deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösmegine, halkymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezdi.

18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Oňa Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işler, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeler girizildi. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde öňde goýlan wezipeler, “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, ahalteke bedewlerini we atçylyk sungatyny halkara derejede giňden beýan etmek maksady bilen, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilýän giň gerimli halkara çäreler bilen bagly soraglar hem bar. Mejlisiň dowamynda 2027-2028-nji ýyllarda Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň Hereketleriniň milli meýilnamasynyň taslamasy hem-de onuň esasy ugurlary hödürlenildi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde Watanymyzy ösdürmek boýunça uly wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi we Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň Mejlisi, Türkmenistanyň Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki netijeli işleri dowam etdirip, ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada okgunly işleri alyp barmalydygyna ünsi çekdi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, sebitlerimiziň durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösüşini üpjün etmek boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

19-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de onuň 61-nji plenar mejlisi geçirildi. Bu çäreleriň ýokary derejede guralmagy Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli dialoga ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygy hem-de Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesiniň berilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamany kabul edendigi baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy taryhy ähmiýetli wakalara öwrüldi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko hem-de GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Ykdysadyýeti, ulag-logistika ulgamlaryny, ynsanperwer we bilim taslamalaryny öz içine almak bilen, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi gepleşikleriň esasy mowzugy boldy. Gahryman Arkadagymyz 2027-nji ýylda belleniljek Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda şanly sene mynasybetli çärelere taýýarlyk görmek üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň, RF-niň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň dostluk hem-de hyzmatdaşlyk toparlarynyň ýörite bilelikdäki mejlisini geçirmegi teklip etdi.

GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine ykdysadyýet, energetika, infrastruktura ýaly ugurlara, Arkalaşygyň ýurtlarynyň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgelerine degişli bolan hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri girizildi. Mejlisiň dowamynda Parlamentara Assambleýanyň 35 ýyllygyna taýýarlyk görülmegine, onuň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna hem-de beýleki meselelere degişli çykyşlar diňlenildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Berkarar» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde GDA-nyň giňişligindäki syýasy durnuklylyk, sebitleýin howpsuzlyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk çäreleri, abraýly halkara guramalaryň parlament düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisinde degişli kanun taslamalaryna, guramaçylyk-hukuk meselelerine garaldy.

20-nji noýabrda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisinde wekiliýet ýolbaşçylary ýurtlarynda hem-de Arkalaşygyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek, hususan-da, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdiler. Olar mejlisleriň çäklerinde kabul edilen taryhy çözgütleriň GDA gatnaşyjy döwletleriň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge, sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmaga goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdiler hem-de Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmegi bilen türkmen kärdeşlerini gutladylar.

Parlamentara Assambleýanyň 61-nji plenar mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler häzirki döwrüň derwaýys wezipelerini öz içine aldy. Bellenilişi ýaly, howpsuzlygy üpjün etmek, emeli aň, sanly tehnologiýalar ulgamyny hukuk taýdan düzgünleşdirmek, durmuş syýasatyny kämilleşdirmek, ýaş nesliň hünär taýdan taýýarlygyny goldamak boýunça taýýarlanylan nusgalyk kanunlar ýurtlarymyzyň bähbitlerine doly laýyk gelýär hem-de Arkalaşygyň döwletleriniň hukuk ulgamlaryny ýakynlaşdyrmakda, umumy ykdysady, ynsanperwer giňişligi ösdürmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär. Şeýle hem ýurdumyzyň Mejlisine Parlamentara Assambleýada synçy derejesini bermek baradaky çözgüdiň kabul edilmeginiň döwletimiziň ählumumy daşary syýasy ugruna, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, GDA-nyň çäklerindäki diplomatik gatnaşyklaryna doly laýyk gelýändigi bellenildi.

«Berkarar» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň we degişli komitetleriň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza sapar bilen gelen GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we agzalary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi bilen parlamentara dostluk toparynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekilmegi döwletleriň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge özara ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

20-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda iri halkara forumlara taýýarlyk görmek, senagaty ösdürmek, medeni-bilim işleri hem-de täze daşary syýasy başlangyçlar bar.

Habar berlişi ýaly, Türkmenistanda “GDA agza döwletleriň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri”, “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026” atly halkara maslahatlary, şeýle hem çäklerinde “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion bäsleşigiň jemi jemlenjek “Türkmentel — 2026” atly halkara sergini we ylmy maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň on birinji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şeýle-de oba hojalyk pudagynda, welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Balkanabat” ýod zawodynyň döwrebaplaşdyrylyşy hem-de düzüminde tehniki uglerod öndürýän desgany gurmak barada habar berildi.

Halkara Bitaraplyk gününe, Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň söwda toplumy 5-nji dekabrdan başlap ähli ýerlerde baýramçylyk söwdasyny ýola goýmagy, göçme söwda nokatlaryny gurnamagy meýilleşdirýär. Ylmy barlaglaryň netijeleri, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek, abatlamak we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler bilen «Asyrlaryň yzlary» atly halkara ylmy ýygyndynyň dördünji goýberilişiniň sahypalarynda tanyşmak bolar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylaryň ählisini gelip gowşan hoş habar — 16-njy noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Möhüm ähmiýetli resminama Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän ýylynda we Arkalaşygyň 35 ýyllyk ýubileý ýylynda kabul edildi. Täze Kararnama ýurdumyzyň Arkalaşygyň halkara giňişlikdäki ornuny hem-de abraýyny pugtalandyrmak, onuň Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklaryny ösdürmek babatda uly tagalla edýändigine aýdyň mysaldyr.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmenistanyň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça 2027 — 2035-nji ýyllar üçin täzelenen Milli strategiýanyň” taslamasy hödürlenildi. Bu resminama ýurdumyzyň milli bähbitlerine we ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de 2022-nji ýylda kabul edilen Biologik dürlülik boýunça Kunmin-Monreal ählumumy Çarçuwaly maksatnamasynda kesgitlenen halkara maksatlary we wezipeleri göz öňünde tutýar. Milli strategiýanyň taslamasyna degişli döwlet edaralarynyň, beýleki gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagynda ýerine ýetirilmeli çäreleri öz içine alýan Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy hem goşuldy.

Mejlisiň barşynda hödürlenen taslamalary we teklipleri makullap, döwlet Baştutanymyz olary ýokary derejede durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe resminama gol çekdi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Müsür Arap Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakynda Perman, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus we türkmen-ermeni toparlarynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Kararlar bar. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.

21-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda muzeý giňişligini döretmek arkaly Çeper halyçylyk kärhanasyny gurmagyň taslamasyna, Arkadagyň ruhy metjidini bezemekde we tehniki taýdan enjamlaşdyrmakda öňdebaryjy çemeleşmelere, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşine aýratyn üns berildi.

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde guramagynda “Arzuw ganatlary” atly dabara geçirildi. Bütindünýä çagalar gününe bagyşlanan dabara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň wekilleri, talyplar gatnaşdylar.

“Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryndan soňra, resmi bölümi açyp, haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti daşary ýurtly myhmanlara iňlis dilinde ýüzlendi. Ol 2021-nji ýylda döredilen gaznanyň BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda ösüp gelýän ýaş nesilleriň bähbidine ulgamlaýyn işleri alyp barýandygyny belledi. Şeýle hem O.Atabaýewa 11-nji dekabrda döredilmeginiň 80 ýyllygyny belleýän BMG-niň Çagalar gaznasyny şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň ösüp gelýän ýaş nesli goldamak boýunça bilelikdäki başlangyçlary “Arzuw ganatlary: her bir çaga üns merkezinde” atly pawilýonyň hem-de onuň “Maşgala meýdançasy”, “Ýaşyl” mekdepler”, “Çagalar we ekologiýa medeniýeti”, “Döredijilik çagalary” atly bölümleriniň sergisinde görkezildi.

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň zähmetde, ylmy işde, döredijilikde, sportda aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy bar. Bu çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygyna gabatlandy.

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bitaraplyk syýasatyna we parlament diplomatiýasyna bagyşlanan ýokary derejeli üçünji Aşgabat maslahatynyň açylyş dabarasy hem-de birinji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen foruma Mejlisiň wekilleri, gurama agza döwletleriň parlament ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti hem-de Baş sekretary gatnaşdylar.

Maslahatyň «Özygtyýarlylygyň deňligi we umumy ýörelgeler. Halkara hukugy goldamakda parlament diplomatiýasy» atly birinji mejlisinde ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleler, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak diplomatiýasyny işjeň ilerletmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Maslahat öz işini «Daşky gurşawyň howpsuzlygy, howanyň durnuklylygy we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak: halkara hukugy we parlament işi», «Tehnologiýalaryň ösüşini öňünden çaklamak: howpsuz, ynsanperwer we demokratik geljek üçin halkara hukugy we parlament dolandyryşy» atly mejlislerde dowam etdi.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň arasyndaky ynsanperwer dialogyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalyna öwrülen Ýewropanyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleri hem-de onuň çäklerindäki sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti, italýan jaz aýdymçysy Simona de Rozanyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik toparynyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary üçin geçen ussatlyk sapaklary uly ähmiýete eýe boldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda çykyş etmek bilen, döwletara dialogy ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak arkaly hoşniýetli goňşuçylyk, öňdebaryjy tejribe hem-de oňyn başlangyçlar esasynda ýola goýýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.