Ï «Türkmenistanyň nebiti we gazy—2016» atly 21-NJI halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanyň nebiti we gazy—2016» atly 21-NJI halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

view-icon 640
Hormatly halkara maslahata we sergisine gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!


Sizi Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy—2016» atly 21-nji halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asylly däpleriň birine öwrülen bu halkara maslahatyň we serginiň nebitgaz pudagyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge giň mümkinçilikleri döretjekdigine berk ynanýaryn!

Türkmenistan amatly geosyýasy ýagdaýa eýe bolmak bilen, özüniň bu artykmaçlyklarynyň milli bähbitler bilen birlikde, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem hyzmat etmegini gazanmagy esasy wezipe edip goýýar.

Biziň ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Soňky döwürde bu serişdeleri gazyp almak, gaýtadan işlemek we sarp edijilere durnukly we ygtybarly ýetirmek babatda köp işler amala aşyryldy. Gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak we dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmek boýunça ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär.

Indi ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işlemegiň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ol işleri daşky gurşaw üçin zyýansyz alyp barmak uly wezipe bolup, bu wezipeler üstünlikli berjaý edilýär.

Şeýle hem türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça tutanýerli işler alnyp barylýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu taslamanyň goňşy we sebit döwletleri üçin ykdysady taýdan örän möhüm taslama boljakdygyna berk ynanýaryn.

Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etjek «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygyny, bu işlere maýa goýumlaryny çekmek üçin ýurdumyzda amatly şertleriň ýokary derejede döredilýändigini we berjaý edilýändigini aýratyn nygtamak isleýärin.

Türkmenistan tebigy gazyň gorlaryna baý bolmak bilen, ony dünýä bazarlaryna diňe gaz geçirijiler arkaly ibermek bilen çäklenmän, düýpli gaýtadan işlemäge hem uly ähmiýet berýär. Bu ugurda ýurdumyzda uglewodorod serişdelerinden iň zerur we bäsleşige ukyply önümleri öndürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Nesip bolsa, geljek ýyllarda ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürjek gazhimiýa toplumlarynyň we zawodlaryň birnäçesi gurlar. Şeýle zawodlaryň ilkinji ikisi eýýäm, ýakyn ýyllarda ulanylmaga berler. Biz bu işleri geljek ýyllarda hem netijeli dowam ederis.

Hormatly myhmanlar!
Gadyrly dostlar!


Bu halkara maslahatyň we serginiň esasy maksady ýurdumyzyň nebitgaz pudagyndaky ösüşler bilen dünýä jemgyýetçiligini ýakyndan tanyş etmekden, ýetilen sepgitlere ýene-de bir gezek baha bermekden, innowasion tehnologiýalar bilen tanyş bolmakdan, tejribe alşyp, halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge ýardam etmekden ybaratdyr. Şeýle sergi-maslahatlaryň nebitgaz serişdelerini gözläp tapmakda, özleşdirmekde, gaýtadan işlemekde we sarp edijilere ýetirmekde uly ähmiýeti bardyr. Şu meselede halkara maslahatyň we serginiň maglumat bilen üpjün etmegiň esasy çeşmeleriniň birine öwrüljekdigi ikuçsuzdyr.

Bu halkara maslahat we sergi ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulmagy üçin täze şertleriň döremegine mümkinçilik berer. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň yzysüre, hemişelik Bitaraplygymyzyň 21 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň berkarar döwletimiziň halkara giňişligindäki hyzmatdaşlarynyň sanyny has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Gadyrly dostlar!
Sizi «Türkmenistanyň nebiti we gazy—2016» atly 21-nji halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, işde we durmuşda rowaçlyk, halkara maslahatyň we serginiň işine bolsa üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow