Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gülläp ösýän Watanyna guwanyp ýaşaýan, zähmet çekýän, gurýan, döredýän we ajaýyp geljegine tarap ynamly barýan parasatly, mertebeli türkmen halkymyz, hormatly partiýadaşlar!
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň maslahatyna gatnaşyjylar bolan biz, ýurdumyzyň, jemgyýetimiziň geljegi bilen bagly şu taryhy pursatlarda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylan özgertmeleriň netijesinde gazanan ägirt uly üstünliklerimizi, eziz Diýarymyzyň halkara derejede ýeten belent sepgitlerini, ýurdumyzyň, nesillerimiziň geljeginiň öňündäki jogapkärçiligimizi nazara almak bilen, maslahatda kabul edilen kararlaryň wajypdygyny göz öňünde tutup hem-de ýürek buýsanjymyzy beýan edip, ýurdumyzyň ähli ilatyna we partiýa agzalaryna ýüzlenýäris!
Hormatly watandaşlar!
Ýurdumyzyň okgunly ösüş ýoly bilen öňe barýan häzirki döwründe beýik başlangyçlar esasynda işlenip taýýarlanan durmuş-ykdysady maksatnamalara laýyklykda ägirt uly taslamalar amala aşyrylýar. Netijede, türkmen Diýarynyň keşbi bütinleý özgerýär. Munuň özi döwletimizi ösdürmegiň, halkymyzy asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşatmagyň hatyrasyna döwlet derejesinde ägirt uly tagallalaryň jemlenmegi arkaly gazanyldy. Şu maksatlara ýetmekde döwletimiziň we hökümetimiziň ägirt uly guramaçylyk, dolandyryş, maliýe-ykdysady mümkinçilikleri doly ulanylyp, halkymyzyň bähbitlerine hyzmat edýän ägirt uly işler bitirildi. Şu döwürde ata-babalarymyzyň kalbynda besläp, nesillere miras goýan wesýetleriniň, berkarar döwletli, dünýäde täsirli millet derejesine ýetmek baradaky arzuwlarynyň hasyl bolýandygyny görmek, öz Watanyň arşa galýan abraýyna şaýat bolmak biziň her birimiz üçin egsilmez bagtdyr.
Döwrüň hakykaty anyk işlerde äşgär bolýar. Häzirki döwürde hakykat ýüzünde amala aşyrylýan işler bolsa sanardan köpdür. Goja Hazaryň kenaryndan başlap, Jeýhun boýlaryna çenli, Köpetdagdan başlap, gadymy Was düzlüklerine çenli bütin türkmen topragyny gurşap alan ösüş-özgerişler, täzelenişler biziň ýaşaýyş şertlerimize, hal-ýagdaýymyza täsir etmek bilen birlikde, aň-düşünjämizde, jemgyýetçilik garaýyşlarymyzda uly öwrülişikleri döredýär. Bagtyýar halkymyz bu günki gün öz başarnygyna, güýjüne ynanýan, berkarar döwletine buýsanýan, geljek barada belent maksat tutýan mertebeli millet hökmünde tanalýar. Şeýle döwletli döwrana, belent abraýa ýetilen döwürde türkmeniň ady arşa göterildi, beýik tutumlar bilen başy başlanan milli ösüş ýolumyz üstünlikli dowam edýär. Bu nurana ýoluň rowaçlyklara beslenip, döwürlerden-döwürlere uzap gitjekdigine biz pugta ynanýarys.
Eziz ildeşler!
Şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda kabul edilen Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşine laýyklykda döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň täze tapgyry öňde durýar. Konstitusiýamyzda ýurdumyzyň, halkymyzyň ygtybarly geljegi bilen bagly taryhy wezipeleriň hukuk esaslary giňden kesgitlenildi. Demokratik, konstitusion özgertmeler esasynda, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň uly ähmiýeti bar. Ýurdumyzyň uzak geljek üçin depginli ösüşini üpjün etmek ugrunda öňe sürülýän taryhy ähmiýetli başlangyçlaryň üstünlikli dowam etdirilmegi, Garaşsyzlyk eýýamynda gazanylanlary berkidip, täze üstünlikler bilen baýlaşdyryp, mundan beýläk-de işjeňlik bilen öňe gitmek halkymyzyň ynamydyr goldawyna mynasyp bolup, Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanjak döwlet Baştutanyna köp derejede baglydyr.
Mähriban halkymyz!
Türkmenistan Watanymyzyň iň täze taryhynda geçiriljek Prezident saýlawlarynyň dünýä ösüşiniň täze şertlerinde, halkara, döwletara gatnaşyklaryň has ýygjamlaşýan, dostlukly we ygtybarly hyzmatdaşlygy ýola goýmakda dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň umumylaşýan döwründe geçýänligi aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Şeýle ýagdaýlarda milli bähbitleri gorap hem-de ählumumy ösüşiň talaplaryna gabat gelýän içeri we daşary syýasaty ýokary derejede dowam etdirmek üçin örän taýýarlykly, öňdengörüji, paýhasly syýasatçynyň — milli Lideriň gerekdigini döwrüň ýagdaýlary aýdyň görkezýär.
Garaşsyz Diýarymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp gitmekde örän paýhasly, güýçli syýasy erki bolan, dünýä ýagdaýlaryna çuň düşünýän hem-de her bir meselede türkmen halkynyň we hyzmatdaş ýurtlaryň bähbitlerine laýyk çözgütleri tapmagy başarýan şahsyýeti döwlet Baştutany wezipesine saýlamak şu günki gün biziň öňümizde durýan örän möhüm wezipedir.
«Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer maksada esaslanýan we halkymyzyň bähbitlerine hyzmat edýän syýasy ýörelgeleriň esasy mazmuny adam ömrüniň, ýaşaýyş ýollarynyň, aň-düşünjesiniň, her bir şahsyýetiň isleg-arzuwlarynyň we başlangyçlarynyň döwletiň ösüş syýasatynda orun almagyny, ykrar edilmegini gazanmakdyr. Milli Liderimiziň halkyň saglygyny goramagy, medeniýeti, bilimi ösdürmegi Türkmenistan Watanymyzy mundan beýläk-de gülläp ösýän ýurda öwürmekde baş şertler hökmünde öňe sürmegi geljekde-de adam hakdaky aladanyň döwlet syýasatynyň iň esasy ugry boljakdygyny aýdyň görkezýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen çuň paýhasa ýugrulan şygarlar bilen täze üstünliklere tarap ugur alan ýurdumyzda durmuş-ykdysady meýilnamalaryň ählisiniň uly netijeler, guwandyryjy üstünlikler bilen durmuşa geçiriljekdigine şek-şübhe bolup bilmez.
Mähriban watandaşlar!
Ýurdumyzyň beýik geljegi üçin ägirt uly tutumlaryň durmuşa geçirilýän döwründe Türkmenistanyň raýatlarynyň syýasy hukuklarynyň berjaý edilmegi, demokratiýanyň has-da dabaralanmagy ugrunda taryhy başlangyçlar öňe sürlüp, Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwrüň talaplaryna laýyklykda täzeden işlenip kämilleşdirildi. Her bir adamyň saýlaw hukuklarynyň berjaý edilmegi, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara işjeň gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Döredilýän şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, biz —Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalary 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň gatnaşmagy maksat edinýäris. Şoňa görä hem biz, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň maslahatyna gatnaşyjylar ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünliklere, ýetilen beýik sepgitlere, parahat ýurdumyza, bagtyýar döwrümize, şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren döwlet Baştutanymyza buýsanmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dalaşgär görkezmek barada karar kabul etdik. Bu ykbal kesgitleýji çärä — Prezident saýlawlaryna işjeň gatnaşmak, demokratiýamyzyň ýeten derejelerini, halkyň agzybirligini, syýasy işjeňligini bütin dünýä äşgär etmek biziň her birimiziň watançylyk borjumyzdyr, geljegiň öňündäki jogapkärçiligimizdir. Öz ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki, örän jogapkärçilikli döwründe döwletimize baştutan bolmaga iň mynasyp dalaşgäre ses bermegimiz biziň Türkmenistanyň raýaty hökmündäki iň möhüm hukugymyzdyr we borjumyzdyr.
Mähriban watandaşlar, siziň ähliňizi 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.
Goý, eziz Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň geljegi aýdyň, ýollary röwşen, tutumlary rowaç bolsun!
Hormatly Arkadagymyzyň belent başy aman, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!