Eziz ildeşler!
Hormatly partiýa agzalary!
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhynda ajaýyp waka — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 25 ýyllyk ýubileýi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Döwlet Garaşsyzlygymyzyň çärýek asyrlyk ösüş ýoluna nazar aýlamak bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň möhüm ornuny, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy ösüşiniň milli demokratiýa we halkyň häsiýetlerine, durmuş, ahlak we ruhy garaýyşlaryna esaslanýan, dünýäniň ösen tejribesini goldanýan döwrebap ýörelgelerini kemala getirmekde hyzmatynyň uly bolandygyny belläp geçmek isleýärin.
Biz Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramyny döwlet derejesinde giňden we dabaraly belläp geçdik. Garaşsyzlygymyzyň yglan edilmeginiň yz ýanynda döredilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ilkinji günlerden başlap, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwletiň berkarar bolmagyna, jemgyýetiň syýasy-ykdysady, medeni-aňyýet esaslarynyň kemala gelmegine, kämilleşmegine we berkemegine yzygiderli we işjeň gatnaşyp geldi. Erkin ösüş ýoluna düşen jemgyýetimiziň zerurlyklaryny nazara almak bilen, öz içki gurluşyny, hereketlerini we syýasy ýörelgelerini döretdi. Özygtyýarlylyga eýe bolan döwletimizde jemgyýetçilik aňyny, syýasy we demokratik ýörelgeleri kemala getirmek hem-de öňde duran ägirt uly wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda Demokratik partiýanyň utgaşykly iş alyp barandygyny bellemek zerurdyr.
Munuň özi halk bilen döwletiň maksatlarynyň bitewüligini gazanmagyň möhüm şerti boldy. Ata Watanymyzda döwlet gurluşyny we dolandyrylyşyny kämilleşdirmekde, jemgyýeti sazlaşykly ösdürmekde durmuşa geçirilen özgertmeleriň netijesinde, garaşsyzlygyň hem-de berkararlygyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän pugta binýady kemala geldi. Türkmen döwletiniň konstitusion gurluşynyň jemgyýetçilik-syýasy we hukuk ýörelgeleriniň üstüni ýetirmek, ony döwre görä özgertmek, umumy milli ösüş tapgyrlarynyň şertlerine we talaplaryna laýyklykda, kanunçylyk esaslary bilen üpjün etmek işleri yzygiderli alnyp baryldy.
Hut şeýle maksatlara eýerip, 2008-nji we 2016-njy ýyllarda ýurdumyzda konstitusion özgertmeler amala aşyryldy. Bu özgertmeleriň netijesinde, raýat jemgyýetiniň institutlarynyň täsiri has-da ýokarlandy, demokratiýany giňeltmek boýunça möhüm ädimler ädildi. Şu döwürde Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyklary artdyryldy we köppartiýalylyk ulgamy kemala geldi. Milli saýlaw ulgamynyň orny berkedi hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işjeňligi artdy. Şu ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylmagynda jemgyýetde täsirli syýasy güýç bolup durýan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň guramaçylyk we syýasy tejribesi hem uly ýardam berdi.
Mähriban watandaşlar!
Häzirki döwürde Garaşsyz Watanymyz dünýäde syýasy taýdan durnukly, ykdysadyýet babatda kuwwatly, medeni, ruhy-aňyýet ösüşinde öz milli ýol-ýörelgeleri bolan berkarar döwlet hökmünde tanalýar. Halkara gatnaşyklarynda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine gyşarnyksyz eýerýän, parahatçylyk söýüji, özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ösüşimizi işjeň dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.
Ýeten ähli belent sepgitlerimiziň, gazanan üstünliklerimiziň gözbaşy halkymyzyň agzybirligidir, döwlet bilen jemgyýetiň jebisligidir. Garaşsyz ösüşiň 25 ýylynyň dowamynda ýurdumyzda emele gelen oňyn ýagdaýlaryň, jemgyýetçilik asudalygynyň, raýat ylalaşygynyň üpjün edilmeginde ähli jemgyýetçilik-syýasy güýçleriň, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem hyzmaty örän uludyr.
Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň öňünde ösüşlerimizi üstünlikli dowam etdirmek üçin häzirki döwürde ägirt uly hem-de möhüm wezipeleriň durýandygyny belläp geçmek isleýärin. Şol wezipeleriň esasy ugurlarynyň hukuk esaslary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň golaýda kabul edilen rejelenen görnüşinde öz beýanyny tapdy. Şoňa laýyklykda, biziň indiki maksadymyz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda özgertmeleri dowam etdirip, döwrebap önümçilik düzümlerini giňeldip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakdan ybaratdyr. Sebäbi mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.
Biziň kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmekde, halkymyzyň medeni-ruhy ösüşini, sagdyn durmuşyny üpjün etmekde, ýaş nesilleri watansöýüji, zähmetsöýer we ruhubelent adamlar edip ýetişdirmekde, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde ähli jemgyýetçilik-syýasy güýçlerine, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna hem uly ornuň degişlidigini belläp geçmek zerurdyr.
Ýurdumyzda geçiriljek Prezident saýlawlary 2017-nji ýylyň esasy jemgyýetçilik-syýasy wakasy bolup taryha girer. Konstitusiýamyzyň rejelenen täze nusgasy esasynda, ilkinji gezek bu saýlawlara üç sany syýasy partiýa bäsleşikli gatnaşar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň öz guramaçylyk başarnygy we syýasy tejribesi bilen ähli derejedäki saýlawlara işjeň gatnaşyp, durmuşa geçirilýän demokratik-hukuk özgertmelerine, jemgyýetçilik-syýasy ösüşlere mynasyp goşant goşmakda hemişe öň hatarlarda boljakdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly partiýa agzalary!
Sizi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Demokratik partiýanyň ähli agzalaryna we işjeňlerine alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.