Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) türkmen tarapyna Nowruz baýramynyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilýändigi baradaky şahadatnamany resmi ýagdaýda ugratdy.
Ozal habar berlişi ýaly, bu çözgüt Efiopiýanyň Addis-Abeba şäherinde 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň mejlisinde kabul edildi.
Şahadatnamada gije-gündiziň ýazky deňleşmesini uly dabaralar bilen belleýän halklaryň dillerinde bu baýramçylygyň ady hem-de Nowruz baýramyny ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek boýunça toparlaýyn haty iberen döwletleriň: Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň atlary görkezilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Nowruz baýramy iň gadymy baýramçylyklaryň biridir, ol köp asyrlaryň dowamynda dünýäniň köp halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda we hakydasynda müdimi orun alyp, myhmansöýerligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ynsanperwerligiň hem-de zähmetsöýerligiň belent ýörelgeleriniň dowamatlylygyny özünde jemleýär we bütin dünýäde dostluga hem-de ylalaşyga çagyrýar. Nowruz müňýyllyklaryň dowamynda çäksiz medeni gymmatlyklary özünde jemläp, onuň umumadamzat ähmiýeti hem-de gymmatlyklary Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edildi we BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen Halkara Nowruz baýramy hökmünde berkidildi.
Biziň günlerimizde Nowruz baýramy özüniň dürli görnüşli gadymy we häzirki zaman ýörelgeleri bilen täsin dünýä derejeli waka öwrüldi. Muňa Türkmenistan hem öz goşandyny goşdy. Öz köklerini çuňňur pelsepewi garaýyşlardan alýan hem-de türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary ulgamynda uly ähmiýetli orun eýeleýän bu baýramçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşyp, dünýä halklary bilen medeni, ruhy gatnaşyklaryň işjeňleşmegine hyzmat edýär.
Esasy zat — bu baýramçylyk hemme halklaryň ähli döwürlerde belent sarpa goýýan parahatçylyk, dostluk, deňlik, hoşniýetli goňşuçylyk, abadançylyk we ösüş gymmatlyklaryny özünde jemleýär.