Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary

view-icon 729
Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ýurdumyzda ilkinji utgaşykly, kuwwaty 1574 MWt bolan bug gaz elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.

Irden döwlet Baştutanymyz Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde ýerleşen bu iri elektroenergetika desgasyna tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi elektrik stansiýanyň işgärleri mähirli garşylaýarlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe önümçiligiň batly depginler bilen döwrebaplaşdyrylmagy hem-de diwersifikasiýalaşdyrylmagy netijesinde biziň ýurdumyzda strategiki pudaklaryň, şol sanda energetika senagatynyň ösmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň elektroenergetikasy ösüşiň durnukly ýokary depginlerini gazandy hem-de dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän elektroenergiýanyň eksportuny artdyrmak üçin mümkinçilige eýedir. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gysga wagtyň dowamynda gurlan kuwwatly elektrostansiýalaryň hem-de täze elektrik geçirijileriniň işlemegi netijesinde pudagyň birnäçe esse ösen kuwwaty indi diňe bir ýurdumyzyň sarp edijilerini doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen elektroenergiýasyny daşary ýurtlara ibermäge hem mümkinçilik berýär.

Mysal üçin, Energetika ministrliginiň düzümi boýunça 2016-njy ýylda öndürilen önümiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň, umumy möçberi 1 milliard 99 million 900 müň manada barabar boldy. Netijede, meýilnama 122,9 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 111,6 göterime deň boldy. Elektroenergiýa önümçiliginiň ösüş depgini 105,8 göterime, onuň eksport edilişi bolsa 116,2 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda elektrostansiýalary mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmak hem-de gurmak üçin täze elektrogeçirijiler çekilýär, onlarça paýlaýjy kiçi elektrik stansiýalary dikeldilýär, energiýa üpjünçiligi ulgamy we paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we ilatly nokatlarynyň yşyklandyryş ulgamy täzelenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe belleýşi ýaly, pudak taslamalarynyň durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň energetikaçylarynyň esasy wezipesi täze tehnologiýalary, ýokary netijeli hem-de ygtybarly enjamlary we serişdeleri ulanmakdan ybarat bolup durýar.

Özüniň elektroenergiýa zerurlyklaryny doly kanagatlandyrýan hem-de daşary ýurtlara elektroenergiýa ibermegi amala aşyrýan Türkmenistanyň energetika ulgamynyň esasynda pudagyň öňüni çekiji Mary DES-den başga-da Aşgabatda, Ahalda, Balkanabatda, Lebapda, Daşoguzda we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe iň täze enjamlar bilen üpjün edilen, täze kuwwatly elektrik stansiýalary hereket edýär.

Ýokary we örän ýokary ölçeglerde işleýän täze döwrebap elektrik stansiýalarynyň işe girizilmegi bilen tutuş türkmen energetika ulgamynda energiýa çeşmeleriniň işleýşiniň netijeli usulyny kesgitlemäge we ornaşdyrmaga mümkinçilik döredi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň energetikasynyň batly depginler bilen ösmegi kiçi kuwwatly, könelişen energetika enjamlaryny öz wagtynda ulanyşdan aýyrmaga mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň elektrik stansiýalary ýerli şertler üçin arzan düşýän tebigy gazda işleýär. Gaza bolsa türkmen topragy örän baýdyr. Gaz iň golaýda ýerleşýän ýataklardan alynýar. Zerur bolan halatynda ätiýaçlyk ýangyjy hökmünde hem ýene-de ýerli nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan goýberilýän mazut we dizel ýangyjy ulanylýar.

1574 MWt kuwwaty bolan bug elektrik stansiýasy Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy boýunça Mary DES-iň çäklerinde gurulýar.

Dünýäde meşhur “General Elektrik” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulýan desganyň gurluşygyny 2018-nji ýylyň dekabrynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Mary DES-iň ýurdumyzyň energetika kärhanalarynyň arasynda iň baýry kärhanadygyny bellemek gerek. 2014-nji ýylda onuň çäklerinde 149,2 megawatt kuwwatlygy bolan täze gaz turbina elektrik stansiýasy guruldy we ulanylmaga berildi. Bu bolsa DES-iň umumy kuwwatyny 1500 megawatta ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen salamlaşyp, Mary Döwlet elektrik stansiýasynda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Bu ýerde işleýän hünärmenler gurluşyk işleriniň barşy hem-de elektrik stansiýasyny enjamlaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada gürrüň berdiler.

Hormatly Prezidentimiz utgaşykly bug gaz elektrik stansiýasynyň gurulmagynyň hem-de ulanmaga berilmeginiň milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak bilen birlikde, özara bähbitli sebit gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de sebitiň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge oňyn täsir etjekdigini aýratyn belledi.

Döwlet Baştutanymyz DES-iň çägini gözden geçirip, çyzgyly we taslamaly planşetler ornaşdyrylan meýdançada aýak çekdi. Bu ýerde hünärmen gurulýan täze energetika desgasynyň tehnologiýa üpjünçiligi barada gürrüň berdi.

Bellenilişi ýaly utgaşdyrylan elektrik stansiýasy iň täze inžener-tehniki işläp düzmelere degişli bolup, bu ugurda dünýäde iň gowularyň biri diýlip hasaplanylýar. Ýurdumyzda öň gurlan beýleki DES-lerden tapawutlylykdan elektrik öndürmek üçin ýangyç hökmünde bu ýerde diňe bir tebigy gaz däl, esem, bug hem ulanylar.

Ýylda 12,6 milliard kilowatt /sagat elektrik energiýasyny öndürmäge niýetlenen bug elektrik stansiýasynyň häzirki zaman tehnologiýa desgalar toplumyndan ybaratdyr. Olar dört sany gaz turbinalardan, galyndylary gaýtadan işleýän gazanlaryň 4-sinden, bug öndürmek üçin niýetlenen iki sany bug turbinasyndan, şeýle hem beýleki enjamlardan ybaratdyr.

Hünärmen netijeli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň we giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz döwletiň energetika pudagyny sazlaşykly ösdürmek, toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz energetika toplumynyň giň çägini gözden geçirip, ornaşdyrylan planşetleriň ýanynda saklandy. Bu ýerde kärhananyň hünärmeni bug turbina desgalarynyň tehnologiki ulgamlary barada jikme-jik maglumat berdi.

Utgaşyk bug gaz usulynyň täzeçillik mazmuny ýangyjyň ýanmagy netijesinde emele gelen gazyň ilkibada esasy gaz turbinasyny herekete getirýändiginden, soňra bolsa ýörite galyndylary gaýtadan işleýän bug gazanyna barýandygyndan ybarat bolup durýar. Bu ýerde olar suwy gyzdyryp, buga öwürýär. Soňra bolsa ýokary basyş bilen bug turbinasyna geçirilip, ony aýlanmaga mejbur edýär. Netijede, bug turbinasy bilen toguň generatoryny baglanyşdyrýan rotor hem aýlanýar. Şeýlelikde, elektroenergiýanyň goşmaça mukdary işlenip çykarylýar.

Ahyrky netijede elektrik stansiýasynyň ýönekeý aýlawynyň peýdaly hereket koeffisiýenti ortaça 34,2 göterime barabardyr. Utgaşykly aýlawda bolsa peýdaly hereket koeffisiýenti 1,5 esseden gowrak ýokarlanýar hem-de 57 göterime golaý bolýar. Mundan başga-da, ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň harçlanmasy üzül-kesil azalýar. Buggaz elektrik stansiýalary diňe bir ykdysady babatda bähbitli bolman, ekologiýa babatda hem amatlydyr. Çünki, munda ýanan önümleriň — kömürturşy gazynyň atmosfera çykýan mukdary 2-3 esse peselýär.

Şeýle usul galyndysyz önümçiligi guramaga hem-de daşky gurşawy zyýanly galyndylaryň täsirinden goramaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu taslamany durmuşa geçirmegiň ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary esasynda ekologiýa taýdan arassa önümçilikleriň ýurdumyzyň hemme ýerinde ornaşdyrylýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi. Bu bolsa Türkmenistanyň tebigaty goramak syýasatynyň esasyny düzýär.

Täze elektrik stansiýanyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň ilatyny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin ähli şertler dörediler, şeýle hem daşary ýurtlara goşmaça elektrik energiýasyny ibermäge tehniki mümkinçilik dörär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite taýýarlanan çadyra bardy. Ol ýerde taslamanyň çyzgylary we şekilleri goýlupdyr. Olaryň kömegi arkaly Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň ýolbaşçysy elektrik stansiýasynyň işiniň aýry-aýry tehnologiýa bölekleri barada gürrüň berdi.

Ýangyjyň ýanmagyndan emele gelýän, adatça, atmosfera zyňylýan önümler bu ýerde goşmaça elektrik energiýasyny öndürmek üçin ulanylar. Mary DES-iň golaýynda elektrik stansiýasyny gurmak üçin ähli möhüm infrastruktura, şol sanda tebigy gazy we suwy getirýän turba geçirijiler, awtomobil we demir ýollar, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna we daşary ýurtlara uly möçberde elektrik energiýasyny ibermek üçin elektrik geçiriji ulgamlar bar.

Soňra “General Electric” amerikan kompaniýasynyň hünärmeni bu ýerde ornaşdyrylýan usulyň artykmaçlyklary barada aýdyp, önümçilik desgasynda ulanylan buguň gaýtadan işlenilip, elektrik energiýasyny öndürmekde peýdalanylýandygyny gürrüň berdi. Munuň özi dünýäde iň kämil we galyndysyz usul bolup durýar.

XIX asyrda esaslandyrylan bu köp pudakly amerikan korporasiýasy häzirki wagtda energetika enjamlarynyň önümçiligi boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biridir. Mundan başga-da, “General Electric” kompaniýasynyň dürli ýöriteleşdirilen zawodlarynda we düzümlerinde suw arassalaýan, nebitgaz we lukmançylyk senagaty üçin enjamlar, ýük we ýolagçy teplowozlary, demir ýol we deňiz ulagy üçin dizel hereketlendirijileri, uçarlar üçin reaktiw hereketlendirijiler, gämi gurluşygynda we beýlekilerde ulanylýan gaz turbina enjamlary öndürilýär. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda gurlan täze elektrik stansiýalarynyň ählisiniň bu dünýä belli iri kompaniýanyň gaz turbina enjamlary bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap elektroenergetika desgalarynda işlejek milli inžener-tehniki işgärleri, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini aýratyn belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hünärmenler taslamany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary barada gürrüň berip, şeýle döwrebap hem-de işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň dörediljek düzümleýin desgasynyň gurulmagy babatda döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi möhüm desgalaryň gurluşygynyň ýokary hiliniň üpjün ediljekdigine ynandyrdylar.

Zähmetkeşler toparynyň agzalary bilen söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ägirt uly kuwwaty barada aýdyp, energiýa serişdeleriniň möçberi boýunça Türkmenistanyň dünýäniň iň baý döwletleriniň biri bolup durýandygyny, mälim bolşy ýaly, elektrik energiýasynyň önümçiliginiň bütin dünýäde iň düşewüntli önümçilikleriň biri hasaplanylýandygyny nygtady. Şundan ugur alnyp, bu möhüm pudaga gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Netijede, häzirki wagtda türkmen energetika senagaty durnukly we ýokary depginlerde ösýär hem-de elektrik energiýasynyň eksportuny artdyrmaga ukyplydyr.

Hormatly Prezidentimiz energetika senagatynyň kuwwatynyň berkeýändigini belläp, gaýtadan işleýän senagatyň mümkinçilikleriniň barha artýandygyny nygtady. Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagy täze kärhanalaryň gurulmagyna, iş orunlarynyň döredilmegine kuwwatly itergi berer, elektrik energiýasyna isleg bildirýän haklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesine oňaýly täsir eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem türkmen topragynyň ägirt uly tebigy baýlyklary, täze eksport ugurlaryny açmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Döwlet Baştutanymyz tebigy gazyň gaýtadan işlenilmeginiň halkara bazarynda uly islegden peýdalanýan önümiň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirjekdigini, munuň bolsa, öz nobatynda, ýurdumyza gelýän girdejiniň artmagyny üpjün etjekdigini belledi. Şeýlelikde, täze kuwwatlyklar, goşmaça iş orunlary peýda bolar. Munuň özi halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny, milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyny şertlendirer.

Ýurdumyzyň çäginde gurulýan awtomobil ýollary baradaky meselä üns berlip, häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýäniň möhüm logistik merkezine öwrülýändigi, ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky pikiriň ählumumy ösüşiň ýörelgelerine hem-de gadymy türkmen topragyny ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň çatrygyna öwürmek baradaky wezipä laýyk gelýändigini belledi. Şunda ýurdumyzyň döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamyny has-da ösdürmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän Aşgabat — Türkmenbaşy, Mary — Türkmenabat ulag ýollarynyň gurulýandygyny, ýokary tizlikli döwrebap derejedäki Aşgabat — Mary awtomobil ýolunyň gurluşygyna girişmek maksady bilen, degişli seljeriş işleriniň ylmy esasda alnyp barylýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň ýokary derejede ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň çäklerinde ylym-bilim ulgamyny ösdürmek barada pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz ýokary bilim almagyň hem-de daşary ýurt dillerini öwrenmegiň möhümdigini aýdyp, ýokary ylmy derejä eýe bolan hünärmenleri taýýarlamak boýunça işiň dowam etdiriljekdigini belledi. Şoňa görä-de, döwletimiz, ozalkysy ýaly bilim ulgamyna uly goldaw berer.

Häzirki wagtda telekeçilik işini ösdürmek, önümleri öndürmek, maldarçylyk pudagynda işlemek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiz üçin dürli hünärmenleriň zerurdygyny nygtap, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekýän hem-de uly abraýdan peýdalanýan köpsanly adamlaryň ägirt uly goşandyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiniň geçen 25 ýylynyň içinde merdana halkymyzyň, biziň hemmämiziň bilelikde çeken yhlasly zähmetimiz netijesinde, ýurdumyzda ägirt uly we tutumly işler amala aşyryldy diýip nygtady. Ozalky oba hojalyk ýurdy hasap edilen Türkmenistan indi senagat taýdan ösýän, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda uly ösüşleri gazanan ýurda öwrüldi. Obalarymyz we şäherlerimiz gözümiziň alnynda tanalmaz derejede özgerdi. Raýatlarymyzyň ýaşamagy üçin ähli amatly şertler döredilen täze-täze obalar we şäherçeler peýda boldy. Müňlerçe döwrebap önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup, ulanmaga berildi. Olarda raýatlarymyzyň işlemegi hem-de ýaşamagy üçin amatly şertler döredildi.

Garaşsyz döwletimiz daşary syýasatda hem uly üstünlikleri gazandy we ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän, dünýäde parahatçylygy goramaga uly goşant goşýan, ygtybarly hyzmatdaş ýurtlaryň birine öwrüldi. Häzirki döwürde Bitarap Türkmenistan halkara derejesinde abraýly döwlet hasaplanýar. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň esasy edaralarynyň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň düzümine yzygiderli saýlanýar. Nesip bolsa, şu ýyl berkarar döwletimiz Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna hem başlyklyk eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgeden ugur alýarys. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýasynda hem jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr diýip belledik. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesine öwrüldi. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzda ähli zady adamyň hatyrasyna, raýatlarymyzyň bolelin we abadan durmuşda ýaşamagynyň, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine gönükdirýäris. Ilatymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görmegi, ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ösüp ulalmagy, mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin yzygiderli alada edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şu belent maksatlarymyza ýetmek üçin, ýurdumyzy senagat taýdan ösen, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmegi öz öňümizde wezipe edip goýduk. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli harytlary halkara bazarlaryna has köp çykarmagy göz öňünde tutduk. Şeýle hem, ýurdumyza beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde giň gerim bilen öndürmegi meýilleşdirdik.

Kabul eden maksatnamamyza laýyklykda ýurdumyzda elektron senagatyny döretmek boýunça hem netijeli işleri alyp bararys. Siziň gurluşygyny alyp barýan kärhanaňyz ýaly köp sanly iri zawod-fabrikleri geljekde hem giň gerim bilen gurarys. Nesip bolsa, göz öňünde tutan şu işlerimizi üstünlikli amala aşyryp, ýurdumyza köp möçberde daşary ýurt pul serişdeleriniň gelip gowuşmagyny üpjün ederis diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we gazanylan pul serişdeleriniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini öňküden-de gowulandyrmaga, täze obadyr şäherleri, ýaşaýyş jaý toplumlaryny, çagalar baglaryny, mekdepleri we hassahanalary gurmaga, beýleki önümçilik we durmuş maksatly desgalary giň gerim bilen bina etmäge, şeýle hem ilatymyzyň zähmet haklaryny, pensiýalaryny köpeltmäge, maşgalalara tölenýän döwlet kömek pullarynyň möçberini yzygiderli artdyrmaga gönükdiriljekdigini nygtady.

Bazarlarymyzy hem-de dükanlarymyzy dürli görnüşli azyk we senagat harytlary bilen hemişe bolelin üpjün ederis. Umuman, daşary ýurtlara ýerleýän önümlerimizden gelýän serişdeleri halkymyzyň bähbidine ulanarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşykçylara we energetiklere ýüzlenip, olaryň gurluşygyny alyp barýan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň hem ýurdumyz üçin ähmiýetiniň uludygyny nygtady. Tebigy gaz we bug bilen işlejek bu stansiýa diňe Mary welaýatynyň däl, eýsem, tutuş döwletimiziň ösüşine-de goşant goşar. Täze stansiýanyň ulanmaga berilmegi bilen, Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň umumy kuwwaty 2 esseden hem köp artar. Ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has gowulanar. Bu stansiýa işe girizilende daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylar öňkä garanda 1,5 esse azalar. Nesip bolsa, biz özümizden artyk öndüren elektrik energiýamyzy daşary ýurtlara öňküden hem köp iberip, goşmaça girdeji alarys. Bu girdejileri halkymyzyň bähbitlerine ulanarys. Kärhana doly işe girizilenden soň, bu ýerde 100-e golaý goşmaça iş orunlary dörär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu ýerde häzirki döwrüň iň kämil enjamlary ornaşdyrylýar. Bu enjamlar Ýewropanyň öňdebaryjy ýurtlary bolan Fransiýada we Germaniýada öndürildi. Utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynda ýylda 1574 megawatt elektrik energiýasy öndüriler.

Soňra döwlet Baştutanymyz gurluşykçylardan we energetiklerden zähmet we dynç alyş şertleri, zähmet haklarynyň öz wagtynda berlişi bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen beýan edilen pikirleri we teklipleri ara alyp maslahatlaşdy hem-de olaryň sowallaryna, şol sanda ýurdumyzda geçiriljek Prezident saýlawlaryna degişli sowallaryna jogap berdi.

Marynyň Döwlet elektrik stansiýasynyň işgärleri döredijilik we ösüş syýasatyny durmuşa geçirýändigi, bu möhüm energetika desgasyna aýratyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, energetikleriň öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Duşuşyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp we olaryň ählisine işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, Mary şäheriniň howa menziline bardy we şol ýerden Aşgabada ugrady.