Ï Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlary mahalynda oňa gatnaşýanlara hyzmat etmäge niýetlenen awtoulaglaryň görnüşleri bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlary mahalynda oňa gatnaşýanlara hyzmat etmäge niýetlenen awtoulaglaryň görnüşleri bilen tanyşdy

view-icon 686
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlary mahalynda oňa gatnaşýanlara hyzmat etmäge niýetlenen awtoulaglaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ministri A.Aýdogdyýew Aziýa oýunlary mynasybetli alynmagy meýilleşdirilýän awtobuslaryň we beýleki ulaglaryň görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu maksat bilen halkara bäsleşigi yglan edildi we gelip gowşan teklipleri hemmetaraplaýyn seljermegiň netijeleri boýunça ýurdumyzyň howa şertlerine we beýleki bildirilýän tehniki talaplara laýyk gelýän, şeýle hem dünýäde ygtybarlylygy we ýokary hil derejesi boýunça belli bolan kompaniýalaryň öndürýän ulaglaryny almak meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz ýolagçylar üçin howpsuzlygyň, amatlylygyň üpjün edilmegine hem-de ulag serişdeleriniň ekologiýa taýdan oňaýlylygyna hem-de olaryň bezegine aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz awtoulaglaryň bezeginde Aziada—2017-niň nyşanlary bilen bir hatarda milli bezeg ýörelgelerini ulanmagyň wajypdygyny belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz awtobuslaryň bir görnüşiniň oňaýlylygyny synagdan geçirdi, şondan soňra hormatly Prezidentimiz egindeşleri bilen ýeňil awtoulaglaryň birini dolandyrdy.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýurdumyza geljek köp sanly myhmanlar üçin zerur bolan şertleriň ählisi döredilmelidir, şol sanda ýokary hilli ulag hyzmaty ýola goýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän günlerinde şäheriň ýollarynda awtoulag hereketiniň bökdençsiz we sazlaşykly amala aşyryljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara Aziýa oýunlarynda ýolagçylaryň gatnadylmagyny üpjün etmekde işlediljek ulag serişdelerini seçip almak boýunça anyk tabşyryklary berdi hem-de awtoulaglary milli äheňde bezemek boýunça maslahatlaryny beýan etdi we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin amatly bolar ýaly Oýunlaryň myhmanlary we gatnaşyjylary üçin şäher ulaglarynyň hereketiniň tertibini hem-de ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda görkezmeleri berdi.