Ï Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 4029

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza we ýurduň ähli halkyna milli baýram—Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident  Marselo Rebelo de Souza berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk, Portugaliýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we  abadançylyk arzuw etdi.