Ï Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

view-icon 2593

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň adyndan we hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine HHR-iň ozalky Başlygy, görnükli syýasy hem-de döwlet işgäri Szýan Szeminiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hatynda: “Szýan Szeminiň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Hytaý dünýäniň örän ýokary ösüş depgini bolan öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Szýan Szemin baradaky ýagşy ýatlama biziň kalplarymyzda ebedilik galar” diýip belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.