mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

view-icon 2147

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Abdul Hamide, Premýer-ministr hanym Şeýh Hasina we ýurduň halkyna Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mohammad Abdul Hamide, Premýer-ministr hanym Şeýh Hasina tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Bangladeşiň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.