Ï Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň Premýer-ministrini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň Premýer-ministrini gutlady

view-icon 3046

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara ýokary üns berýäris. Ýakyn günlerde Aşgabatda geçirjek gepleşiklerimiziň netijeli boljakdygyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Premýer-ministr Wiktor Orbana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, şeýle hem Wengriýanyň halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.