Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýanyň Premýer-ministrini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýanyň Premýer-ministrini gutlady

view-icon 1403

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýar. Soňky döwürde biziň hyzmatdaşlygymyzyň işjeňleşýändigini bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Siziň ýakyn wagtda Türkmenistana amala aşyrjak saparyňyzyň türkmen-wenger hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynanýaryn” diýip, Milli Liderimiz gutlag hatynda belleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Wiktor Orbana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlarynda üstünlik arzuw etdi.