Ï Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, edermen pileçilerine we ussat ýüpekçilerine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, edermen pileçilerine we ussat ýüpekçilerine

view-icon 2245

Eziz halkym!

Hormatly pileçiler!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanan uly zähmet ýeňşiňiz — pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamaňyzy ýerine ýetirip, Garaşsyz Watanymyzyň pile harmanyna 2 müň 300 tonnadan hem gowrak pile tabşyrmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny yzygiderli ösdürmek, pudagyň işgärleriniň, şol sanda pileçilerimiziň we ýüpekçilerimiziň yhlasly, öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär, olaryň halal zähmetine mynasyp baha berilýär. Edermen pileçilerimiziň yhlas siňdirip, irginsiz çeken zähmetiniň netijesinde öndürilen piläniň bol hasyly bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir, ata-babalarymyzyň gadymy hünärleriniň biri bolan ýüpekçiligiň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpek önümçiligine aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda ýüpekçilik pudagynyň önümçilik binýady dolulygyna täzelendi, keteni öndürmegiň gadymy sungaty gaýtadan dikeldildi, türkmen ýüpeginden ýurdumyzda ilkinji gezek panbarhatyň täze görnüşleri çykarylyp başlandy. Biz geljekde ýüpekçilige goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberini has-da artdyrmagy göz öňünde tutýarys. Bu bolsa ilatymyz üçin goşmaça iş orunlaryny döretmäge, gymmatly çig malyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Edermen pileçiler!

Zähmetsöýer ýüpekçiler!

Türkmen halkynyň iň gadymy senetleriniň biri bolan ýüpekçilik öz gözbaşyny taryhyň irki döwürlerinden alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz müňlerçe ýyl mundan ozal ýüpek süýümlerinden matalary öndürmek üçin pile önümçiligini ýola goýupdyrlar, bu ugurda ýokary ussatlyga we kämillige ýetipdirler. Ýüpekçilik işiniň milli däpleri asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilipdir. Ýüpekden ajaýyp halylary, matalary dokamagyň gadymy usullary biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ýaýylyp ýatan düzlükleriň, daglyklardyr çöllükleriň üstünden Gündogardan Günbatara uzap gidýän kerwen ýollary «Beýik Ýüpek ýoly» diýlip atlandyrylypdyr. Bu ýoluň ady iňňän gymmat bahaly harydyň — ýüpegiň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol özüniň berkligi, ýeňilligi we owadanlygy bilen aýratyn tapawutlanypdyr. Türkmen topragynyň gadymy merkezleriniň biri bolan Merwde eýýäm orta asyrlarda pile taýýarlamak boýunça kärhanalar işläpdir.

Häzirki döwürde ýüpekçilik pudagy özüniň gaýtadan döreýşini başdan geçirýär. Ýüpek önümçiligi täze talaplara laýyklykda guraldy. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi öndürilýän ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalar bolmak bilen, olar doly döwrebaplaşdyryldy, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu kärhanalarda ýüpek halylary, milli keteni matalary we beýleki önümleri taýýarlamak üçin täze önümhanalar açyldy. Zenanlarymyzyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýan panbarhat matalaryny öndürýän Ruhabadyň panbarhat fabrigi häzir ýüpek süýümi bilen bökdençsiz üpjün edilýär.

Ýurdumyzyň oba ýerlerinde telekeçilige goldaw bermek we ony höweslendirmek maksady bilen, ýüpekçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýörite nahalhanalarda, birnäçe daýhan birleşiklerinde ýüpek gurçuklarynyň iýmit gory bolan tut agaçlarynyň her ýylda müňlerçe düýp nahaly ösdürilip ýetişdirilýär. Bu bolsa ýüpek gurçuklary üçin esasy iýmit bolan tut ýapraklarynyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Tut agaçlarynyň ekin meýdanlarynyň töwereginde oturdylmagy gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini gyzgyn epgek ýellerden goramaga, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmäge, daşky gurşawyň ekologik abadançylygyny gowulandyrmaga hem ýardam edýär. Munuň özi ýüpekçiligi pagtaçylyk bilen utgaşdyrmaga, şol bir ýerden goşmaça önüm we girdeji almaga mümkinçilik berýär.

Eziz watandaşlar!

Edermen pileçiler!

Men sizi we ähli halkymy pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilip, uly zähmet üstünliginiň gazanylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan durmuş, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde belent sepgitlere ýetmegiňizi arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.