Ï Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň rowaçlygy — ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň esasy wezipesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň rowaçlygy — ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň esasy wezipesi

view-icon 3333

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysadyýetiň milli nusgasy ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barmaga, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän ýylda ata Watanymyzy mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy çemeleşmelere, hojalygy netijeli dolandyrmaga, çaklamalara we meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan ösüş strategiýasy köpugurly ykdysady, tebigy çig mal kuwwatyny özünde jemlemek bilen, milli hem-de halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge, döwrebaplaşdyrmagyň, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, bazar gatnaşyklarynyň, döwlet kadalaşdyrylyşynyň netijeli utgaşdyrylmagynyň, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ähli ulgamlarda giň gerimli işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu Maksatnamanyň kabul edilmegi, ilkinji nobatda, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilendir.

2024-nji ýyl üçin önümçilik we maliýe meýilnamalarynyň görkezijileri, Döwlet býujetinde ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulan çäreler esasynda işlenip taýýarlanylan täze Maksatnamada her bir pudak üçin ileri tutulýan anyk wezipeler, ýurdumyzyň sebitlerini, Aşgabat we Arkadag şäherlerini toplumlaýyn ösdürmek boýunça maksatlar kesgitlenildi.

Maksatnama berilýän syny halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini we durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak, ilatyň girdejilerini artdyrmagyň hasabyna iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek, zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek ulgamyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek ýaly esasy maksatlara üns çekmekden başlamak ýerlikli bolar. Şunuň bilen bir hatarda, ýurduň ähli sebitlerinde ýaşaýyş toplumlaryny gurmagyň gerimini giňeltmegiň hasabyna ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, jemagat we beýleki durmuş hyzmatlarynyň elýeterliligini gazanmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, makroykdysady durnuklylygyň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagyna, ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, ykdysadyýetiň innowasion-senagatlaşma derejesiniň pugtalandyrylmagyna, ähli pudaklardyr hyzmatlar ulgamynyň okgunly ösdürilmegine uly üns berler. Şeýle-de ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda pudaklaýyn we düzümleýin özgertmeleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

2024-nji ýylda önümleri gaýtadan işlemek we taýýar önümleri çykarmak boýunça kärhanalary taslama kuwwatlyklaryna çykarmagyň, eksporta gönükdirilen önümçilikleriň mümkinçiliklerini giňeltmegiň, importyň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmagyň meýilleşdirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Şeýle hem Türkmenistanyň geoykdysady we geosyýasy ýerleşişiniň amatlyklaryndan peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ähli ugurlarda “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek şu ýyl üçin göz öňünde tutulan esasy maksatlardyr.

Ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilýän möçberini hem-de görnüşlerini artdyrmagyň hasabyna azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunda suw üpjünçiligini gowulandyrmagyň wajypdygy hem bellenilýär. Mundan başga-da, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny hem-de guşlaryň sanyny artdyrmak boýunça degişli çäreler göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny düýpli özgertmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramagyň hasabyna «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigini, Azyk senagaty döwlet birleşigini, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigini, «Türkmenpagta» döwlet konsernini, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigini döretmek hakynda kabul eden çözgüdi bu ugurda möhüm ädim boldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň ulanylmagyna uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Maksatnamada milli senagaty innowasion esasda ösdürmek we ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, önümçilik bilen ylmyň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady syýasaty üstünlikli alyp barmak bilen, döwletara we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm orun berilýär.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýys meselelerini çözmek we dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagy üçin intellektual eýeçilik ulgamynda yzygiderli işleri ilerletmek maksat edinilýär. Munuň üçin degişli halkara düzgünleri we kadalary ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň maliýe çeşmelerini kämilleşdirmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Munuň özi bäsdeşlige ukyply senagatydyr önümçiligi döretmek boýunça innowasion tehnologiýalara hem-de taslamalara esaslanýan pudaklara çekilýän hususy serişdeleriň gerimini giňeltmek arkaly döwlete dahylsyz pudagyň, daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýyny artdyrmagy göz öňünde tutýar. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyza maýa goýumlary çekmek, maýadarlary goramak we goldamak meselelerini düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak işleri amala aşyrylar.

Kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlaşdyrmak we dürli pudaklarda telekeçilik işiniň gerimini giňeltmek şu ýyl üçin esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenildi. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň, döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň dürli görnüşlerini ösdürmek boýunça hem çäreler amala aşyrylar.

Şu ýylda ýerine ýetirilmeli esasy wezipeleriň hatarynda milli maliýe ulgamynyň, banklaryň, maliýe bazarlarynyň işini has-da kämilleşdirmek we ony halkara tejribä laýyklykda ösdürmek, önümçilik maksatly taslamalary durmuşa geçirmek üçin karzlary bermegi we amatly şertlerde maliýe serişdelerini çekmegi dowam etdirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýük dolanyşygyny we ýolagçy gatnawyny artdyrmak, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak, ilata ýokary hilli ulag hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Maksatnamada bellenilişi ýaly, şu ýyl ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny goldamaga gönükdirilen çäreleri maliýeleşdirmek dowam etdiriler. Şol bir wagtyň özünde, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin şertleri döretmek, ylym we bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny öňdebaryjy halkara tejribä laýyklykda döwrebaplaşdyrmak esasy wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem sporty ösdürmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny berkitmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilen işler alnyp barlar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliliginiň üpjün edilmegine, derman senagatynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berler.

Medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli senetçiligi, halyçylygy, aýdym-saz sungatyny ösdürmek, türkmen halkynyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny aýawly saklamak boýunça wezipeler öňde goýuldy. Gündogaryň meşhur akyldary, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylda ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan çäreler toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Şu ýyl ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak bilen, içerki we halkara syýahatçylyk ulgamynda-da işler dowam etdiriler.

Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bolan ahalteke atlarynyň we alabaýlaryň baş sanynyň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berler. Şunuň bilen baglylykda, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, milli itşynaslyk mekdebiniň ýörelgelerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak üçin degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.

BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy we öňde goýlan wezipeleriň degişli çözgütleriniň gazanylmagy hem 2024-nji ýylda alnyp barylmaly işleriň möhüm ugurlarynyň biridir.

Maksatnamada garaşylýan makroykdysady netijeler we ýurdumyzy şu ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy görkezijileri hem getirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen syýasy ugrunda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Resminamada bellenilişi ýaly, bu ugurda, ilkinji nobatda, dünýä döwletleri, halkara guramalar, şol sanda abraýly maliýe we ykdysady düzümler bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin ýurdumyzda we daşary döwletlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin çäreler geçiriler. Şunuň bilen birlikde, döwlet üçin wajyp bolan strategik ugurlara we taslamalara hususy maýalaryň çekilmegi babatda şertleri döretmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň esasy şertleriniň biri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň deňeçer ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Maksatnamada her pudak, her bir ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edarasy üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilýär. Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň ykdysady ösüşine itergi berjek dürli taslamalara badalga bermek bilen, sebitlerde häzirki zaman önümçilik, ulag, inženerçilik-kommunikasiýa we durmuş infrastrukturasyny döretmegi esasy maksatlaryň hatarynda kesgitleýär. Şeýle maksatnamalaýyn çemeleşme ilatyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny şertlendirýär. Şundan ugur alnyp, Maksatnamanyň aýratyn babynda 2024-nji ýylda sebitleri, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerini toplumlaýyn ösdürmegiň wezipeleri beýan edilýär.

Häzirki sanlylaşdyrma döwründe sanly ykdysadyýetiň ählumumy derejede bäsdeşlige ukyplylygyň, innowasion ykdysady ösüşiň kuwwatly görkezijisi hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýandygy hemmelere mälimdir. Şoňa görä, ýurdumyzyň ösüşini üpjün etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýän sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy, esasan-da, maglumat tehnologiýalarynyň elýeterliligi bilen bilelikde, kommunikasiýalar ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem baglydyr. Şu nukdaýnazardan, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ýokary tehnologiýalar esasynda sanlylaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» munuň aýdyň güwäsidir. Şundan ugur alnyp, 2024-nji ýylda bu resminamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berler. Mundan başga-da, ykdysadyýete gönükdirilen maýa goýumlaryň maliýe çeşmelerini giňeltmek, düýpli gurluşyklara hususy serişdeleriň durnukly çekilmegini, maýa goýumlaryň ykdysady taýdan netijeliligini üpjün etmek üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Umuman, “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyndan” görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmek boýunça strategiýasy döwlet bilen hususy işewürligiň arasynda özara hyzmatdaşlyk üçin ýeňillikli şertleri gözlemek, ykdysadyýete innowasiýalary, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak üçin amatly maýa goýum mümkinçilikleriniň hem-de şertleriň döredilmegi bilen häsiýetlendirilýär.

Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi täze döwrüň talaplaryna laýyk gelýän milli, sebit we halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, döwletimiziň dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, daşary söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagyna, türkmen önüm öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň artdyrylmagyna, ähli ulgamlarda sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylmagyna, ilatyň durmuş goraglylygynyň kämilleşdirilmegine goşant goşmagy maksat edinýär. Netijede, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşi üpjün ediler.