Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

view-icon 1987
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz döredijilikli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygyň meselelerine jogapkärli çemeleşýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň Baş sekretarynyň “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada amala aşyrýan şu gezekki saparynyň ähmiýetini belledi. Bu forum Diýarymyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz jenap Husraw Nozirä maslahata gatnaşmagynyň netijeli bolmagyny hem-de onuň çäklerinde özara bähbitli gepleşikleri geçirmegini arzuw edip, saparyň jemleriniň Türkmenistan bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda däp bolan gatnaşyklary, şol sanda syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyz bilen bu düzümiň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi bu babatda ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edip, bu köptaraply düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam bermäge çalyşýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Munuň özi, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, ekologiýa we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklara degişlidir. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz tarapyndan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, energetika ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Ýurdumyz tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, onuň iberilişini, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişligindäki sarp edijilere we üstaşyr geçirijilere iberilmegini ep-esli diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardyr.

Ulag ulgamy özara gatnaşyklaryň beýleki bir möhüm ugrudyr. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan öz geografik taýdan amatly ýerleşmegini nazara alyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde ulag-logistika merkezlerini ösdürmäge we olaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge has işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Myhman Türkmenistanyň YHG-nyň giňişliginde dostlukly gatnaşyklary hem-de deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky işjeň ornuna ýokary baha berip, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanyp Aşgabatda geçirilýän halkara maslahata, şeýle-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri Türkmenistanyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň däp bolan netijeli dialoga ygrarlydygyny tassyklap, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.