Ï Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 1660

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalara beslenýän toýly günlerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Türkmenistan döwletimizi depginli ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alýan saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny kämilleşdirmekde alyp barýan döwletli tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, türkmen sportunyň abraýynyň dabaralanýan, döredijiligiň, ylhamyň we zähmetiň gaýnap joşýan döwrüdir. Beýik ösüşlere beslenýän täze taryhy döwrümizde saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, sport we bedenterbiýe hereketleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Siziň baştutanlygyňyzda diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň sebitlerinde-de iň täze enjamlar, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň, şypahana ulgamynyň binalarynyň, sport desgalarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerden ugur alýan syýasatyň giňden dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ruhy hem beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň netijesinde körpe nesil bagtyýar şu gününe buýsanyp, geljege uly ynam bilen garaýar. Siziň baştutanlygyňyzda häzirki wagtda ýaş nesliň durmuş goraglylygynyň, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegiň toplumlaýyn ulgamy kemala geldi. Munuň özi ýaşlaryň saglygyny goramak babatda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Täze taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri, awtoulagsyz günleri, ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek däbi has-da dabaralanýar. Türkmen jemgyýetinde täze ekologik medeniýeti kemala getirmäge gönükdirilen bu ajaýyp däpler halkymyzyň uly goldawyna hem-de giňden makullamagyna eýe bolýar.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek», 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnamalarynyň kabul edilmegi döwletimiziň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Şu wakalaryň hormatyna Köpetdagyň eteginde «Welosiped» binasynyň gurulmagy ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da şöhratlandyrýar.

Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ilatyň saglygy we abadançylygy göz öňünde tutulyp, üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň ykrarnamasy hökmünde BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan ýurdumyza degişli güwänamalaryň gowşurylmagy Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň nyşany bolmak bilen, Watanymyzyň geljegi bolan berk bedenli, sagdyn ýaş nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak dürli keselleriň öňüni almak, bejermek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Bitarap Türkmenistan bu guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär, olaryň işine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Paýtagtymyz Aşgabadyň bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilip, sebit we dünýä derejesindäki iri ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrülmegi, türkmen türgenleriniň sport bäsleşiklerinde, olimpiadalarda ýeňiş gazanmaklary ata Watanymyzyň abraýyny has-da beýgeldýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun! Goý, bu ajaýyp halkara baýramçylyk sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda şatlykly dabaralara beslensin, merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýsyn!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.