Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

view-icon 1726

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gahryman Arkadag!
Hormatly jenap Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy!

Meniň ýubileýim mynasybetli iberen sowgadyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirmäge rugsat ediň! Meniň dört dilde neşir edilen goşgular kitabymy elime alanymda başdan geçiren duýgularymy beýan etmäge sözüm ýetmeýär.

Siziň meniň türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyna hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine goşýan goşandyma bagyşlap ýazan giriş sözüňiz mende ägirt uly buýsanç döretdi. Bu buýsançly duýgular meni diňe öz halkynyň, öz mähriban Watanynyň aladasy bilen ýaşaýan, Türkmenistanyň Gahrymany, Siziň bilen 2008-nji ýylyň noýabrynda Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparyňyzyň dowamynda tanşan pursatlaryma, şeýle hem soňraky 16 ýylyň dowamyndaky duşuşyklarymyza alyp gitdi.

Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ähli başlangyçlaryny we taslamalaryny goldaýandygyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin. Maňa hoşniýetli garaýandygyňyz üçin Size sagbolsun aýdýaryn.

Size ähli gowulyklar üçin hoşallygymy beýan edýärin.

Gahryman Arkadag!

Siz — eýýamlary we nesilleri baglanyşdyrýarsyňyz,

Siz — öz halkyňyzyň buýsanjy!

Siz — halkyňyzyň şan-şöhratyny artdyrýarsyňyz.

Goý, Allatagala Sizi öz penasynda aman saklasyn!

Şöhrat Size, Gahryman Arkadag!

Şöhrat Saňa, Türkmenistan!

Tüýs ýürekden hormatlamak we iň gowy arzuwlar bilen,

Neda BERGER,
Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy.