Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny gutlady

view-icon 1372

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko şanly ýubileýi we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi.

“Bu belent sylag Siziň uzak ýyllaryň dowamynda dürli döwlet wezipelerinde tapawutly zähmet çekmegiňiziň, şeýle hem Russiýanyň hemmetaraplaýyn ösmegine saldamly goşandyňyzyň ykrary bolup durýar. Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Türkmenistana bolan ýürekden dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklaryňyz üçin çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin” diýlip, hatda bellenilýär.

Gahryman Arkadagymyz Walentina Matwiýenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we üstünlik, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw etdi.