Ï Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

view-icon 1833
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde gowaçanyň hatarara bejergisini talabalaýyk geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda, ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, pile öndürmek möwsümini talabalaýyk geçirmek, bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň pileçi kärendeçileri tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlaryna berilýän suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak üçin suwaryş, şor suw akabalary arassalanylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda möhüm we jogapkärli möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanylmagy, ak ekin meýdanlaryndaky degişli ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz S.Kakabaýewi Ahal welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýdyp, degişli resminama gol çekdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi guramaçylykly alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, olara ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda pile möwsümini üstünlikli geçirmek üçin hem zerur çäreler görülýär, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp, welaýatda geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde, guramaçylykly geçirilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, ekiş möwsümini ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýeralma, beýleki gök-bakja ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem pile möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş ulgamlaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we gowaça ekişiniň guramaçylykly geçirilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň degişli talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda 2024-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişi dowam edýär. Ekişi bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary we gurallara doly güýjünde işledilýär. Gowaçanyň gögeriş alnan meýdanlarynda kadaly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, hatarara bejergi işleri geçirilýär. Şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin gallaçy daýhanlar tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen kadaly üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Suwaryş, şor suw akabalary arassalanylýar. Mundan başga-da, häkim Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyny, bugdaýa ideg etmek işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ekişde oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de ýazlyk ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda pile möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, pile öndürijiler üçin zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda ýüpek gurçuklaryna ideg işleri alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin suwdan tygşytly we netijeli peýdalanmak, howdanlara suw toplamak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we gowaça ekişiniň, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy, ýakyn günlerde welaýatda ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz, saglyk ýagdaýy sebäpli, A.Abdyllaýewi welaýatyň Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä B.Taganowy belledi we degişli Permanlara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edip, bu möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Şu ýyl Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin şu günler welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň ekişi, olara ideg etmek işleri alnyp barylýar. Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynda pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda bolsa ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz K.Haýtekowy hem-de Y.Nursahatowy Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasarlary wezipesine, M.Öwezmyradowy bolsa Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, degişli resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetini belledi we ýazlyk ekinleriň ekişiniň we olara ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekip, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.