Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-NIŇ Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi

view-icon 2129
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, parahatçylyk döredijilikli syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän, sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orny eýeleýän Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Şunda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mihal Mlynary mähirli mübärekläp, onuň Aşgabada saparynyň Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Çarçuwaly maksatnamanyň” çäklerindäki däp bolan hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir. Ol bilelikde işlemek üçin esas goýujy resminama bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň we UN-Habitat-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmalar boldy. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda milli ösüşi ilerletmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça amala aşyrylan çäreler hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Şeýle hem 2020-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň, şol bir wagtda ýurdumyzyň BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň hemişelik wekiliniň bellenilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolandygy nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2023-nji ýylda UN-Habitat-nyň Durnukly şäherleşme boýunça dostlar toparyna we Şäherleri ösdürmek boýunça täze maksatnamasyna goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda UN-Habitat-nyň wekilhanasyny açmak meselesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň häzirki wagtda dowam edýän 78-nji sessiýasynda ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ugurdaky ilkinji ädim hökmünde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek, netijede, taslamalaýyn resminamany işläp düzmek üçin BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň hünärmenlerinden ybarat bolan toparyň Türkmenistana saparyny guramagy teklip etdi. Bu resminama özara gatnaşyklaryň hukuk binýady bolup hyzmat eder.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda inklýuziw durmuş hyzmatlarynyň ulgamyny hem-de ilatyň goraglylygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy yzygiderli alnyp barylýar. Täze obalar, şäherçeler, şäherler, döwrebap ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we lukmançylyk merkezleri, mekdepler, çagalar baglary gurlup ulanmaga berilýär.

Diýarymyzyň gözel künjekleriniň birinde öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa we “ýaşyl” tehnologiýalar bilen üpjün edilen Arkadag şäheri guruldy. Täze şäheriň açylyş dabarasynda Arkadag şäheri BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň “Inklýuziw, howpsuz, durnukly we “akylly” sebitler hem-de jemagatlar ýörelgelerini durmuşa geçirmekdäki tagallalary üçin” atly güwänamasyna mynasyp boldy. Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şähergurluşyk ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan işlere ýokary baha berlendigi üçin bu düzüme minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtap, birnäçe teklipleri, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda kanun çykaryjylyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek, döwrebap hukuk usulyýetlerini we mehanizmlerini öwrenmek baradaky teklipleri beýan etdi. Munuň özi şäherleriň durnukly ösmegine ýardam eder. Şeýle-de ýokary tehnologiýaly, ekologik taýdan arassa, tebigy betbagtçylyklara durnukly, durmuş taýdan amatly şäherleri ösdürmek boýunça ählumumy maksatnamalary, strategiýalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek, şäher infrastrukturasyny gurmakda we dolandyrmakda döwlet hem-de hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak teklip edilýär. Öz tarapyndan Türkmenistan UN-Habitat-nyň şu meseleler boýunça tekliplerine seretmäge taýýardyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynar birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň arasyndaky ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.