Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

view-icon 1534

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Bu ajaýyp baýramçylyk türkmen halkynyň özboluşly atşynaslyk medeniýetiniň köpasyrlyk ýörelgelerini özünde jemleýär. Her ýyl giňden bellenilýän bu baýram ýaşaýyş-durmuşyň hem-de ady rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň haýran galdyryjy gözelliginiň dabaralanmagydyr. Ol ata-babalaryň mizemez ruhy-ahlak gymmatlyklaryna — dost-doganlyk, belent mertebelilik ýörelgelerine çuňňur wepadarlygyň nyşanydyr. Bularyň ählisi häzirki wagtda türkmen jemgyýetiniň abadançylygynyň binýady bolup hyzmat edýär. Ýurduň gülläp ösüşiniň, ählumumy parahatçylygyň pugtalandyrylmagynyň bähbidine döredijilik ýolunda täze belentliklere tarap okgunly hereketini görkezýär.

Size, Siziň ýakynlaryňyza we ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň şan-şöhratynyň belende göterilmegi ugrundaky işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Rustam Minnihanow,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany.