Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna

view-icon 1783

Eziz watandaşlar!

Hormatly atşynaslar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda behişdi bedewlerimiziň şanyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gamyşgulak bedewlerimiz halkymyzyň gymmatly baýlygydyr. Türkmen halkynyň durmuşynda ýelden ýüwrük behişdi bedewlerimiz aýratyn orny eýeleýär. «Atdyr ýigidiň ganaty», «At — ýaryşda, är — söweşde», «At — ýigidiň ýoldaşy», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» ýaly nakyllardyr pähimli sözler hem halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri bedewe goýýan uly hormat-sarpasynyň nyşany bolup durýar.

Hormatly atşynaslar!

Türkmen bedewiniň şan-şöhraty bu gün Ýer ýüzüni haýran galdyrýar. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Milli buýsançlarymyzyň biri bolan arassa ganly bedewler gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde syrdaşy bolupdyr. Ahalteke bedewlerimiz owadanlygy, gylyk-häsiýeti, eýesine wepalylygy bilen bütin dünýäde giňden tanalypdyr.

Eziz Diýarymyzda atçylygy we atçylyk sportuny halkara derejede ösdürmek ugrunda häzirki döwürde döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi we onuň ştab-kwartirasynyň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşdirilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan özara bähbitli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge hem-de ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatlarymyzda we Aşgabat şäherinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň, ylmy merkezleriniň gurulmagy atşynaslarymyzyň netijeli, ýadawsyz çekýän zähmetini döwrebap derejede guramaga giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilýär. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Şonuň ýaly-da, ussat seýisleri, çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça ýörite okuw merkezleri döredilýär. Aşgabat atçylyk sport toplumynda bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiklerini guramaga niýetlenen açyk manež hem ýurdumyzda atly sporty ösdürmäge uly itergi berýär.

Garaşsyz Watanymyzyň atşynaslary tarapyndan ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny yzygiderli artdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Geljekde-de ýurdumyzda atçylygy, atçylyk sportuny ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleri bilen tejribe alyşmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin zerur işler geçiriler. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş, iş şertlerini has-da gowulandyrmaga-da döwletimiz tarapyndan uly üns berler.

Hormatly atşynaslar!

Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr we köňül buýsanjydyr.

Ata-babalarymyz öz ýadawsyz zähmeti, yhlasy bilen kemala getiren bedewlerinde maksat-myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasyny görüpdirler. Ynsan bilen bedewiň arasyndaky dostluk we wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy edebi eserlerimizde hem öz beýanyny tapypdyr. Bu bolsa merdana halkymyzyň öz ýaşaýyş-durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirip bilmeýändigini görkezýär. Bedew atlarymyz gadymy topragymyzyň gudratydyr, türkmen öý-ojagynyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr.

Eziz watandaşlar!

Hormatly atşynaslar!

Sizi batly gadamlar bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň şanyna uly dabaralara beslenip, giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.