mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

12.10.2026

total-veiw

2095

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli lukmançylyk hünärleri boýunça bilim alýan talyplar üçin täze okuw kitaplary neşir edildi.

news-photo

12.10.2026

total-veiw

997

Mekdep okuwçylarymyz Koreýa Respublikasynda geçirilen dünýä çempionatynda üstünlik gazandylar

Mekdep okuwçylarymyz Koreýa Respublikasynda geçirilen «FIRST Global Challenge 2026» robot tehnikasy boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Türkmen ýaşlary «Skills Challenge» ugry boýunça ýekelikde kümüş medala, «Winning Alliance» ugry boýunça toparlaýyn esasda bürünç medala mynasyp boldular.

news-photo

12.10.2026

total-veiw

2266

Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň çäginde az-kem ýagyş ýagmagy mümkin. Gündizlerine howanyň temperaturasy +30 gradusa we ondan ýokary derejä ýeter.

news-photo

12.10.2026

total-veiw

2563

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.

news-photo

12.10.2026

total-veiw

2480

Daşoguzda 240 orunlyk täze çagalar bagy guruldy

«Mäkäm» hususy kärhanasynyň işgärleri Daşoguz şäheriniň «Gülüstan» ýaşaýyş toplumynda häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän 240 orunlyk täze çagalar bagyny gurup, ulanmaga berdiler.

news-photo

12.10.2026

total-veiw

2199

Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a we ýurduň ähli halkyna Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


news-photo

11.10.2026

total-veiw

2317

Hünär baýramynyň şanly wakalary

Şu gün Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini sylaglamak hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

news-photo

11.10.2026

total-veiw

2584

Aýdym adam bilen galýar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda konserwatoriýanyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň uly mugallymy, dosent, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ýuriý Gurgеnowiç Sarkisowyň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli döredijilik agşamy geçirildi.

news-photo

11.10.2026

total-veiw

2045

Saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap desgalarynyň hatary artýar

Mary welaýatynyň merkezinde Oguz han köçesiniň ugrunda Mary şäher 1-nji Saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy. Ulanyşa berilen bu bina welaýatyň saglyk işgärlerine baýramçylyk toý sowgady boldy.

news-photo

11.10.2026

total-veiw

1481

Balkanabat şäherinde şanly senäniň hormatyna açylyş dabarasy belentden tutuldy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni Balkan welaýatynyň çar künjeginde hem bimöçber şatlyk-şowhunda bellenip geçildi.

...3451