15.07.2025
2608
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda göni uçuşlaryň açylyş dabarasy
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Koreýa Respublikasynyň Inçon halkara howa menzilinde Aşgabat-Seul-Aşgabat ugry boýunça ilkinji yzygiderli ýolagçy gatnawynyň açylyş dabarasy geçirildi.
15.07.2025
4293
Hytaýyň nebitçilik ýokary okuw mekdepleriniň professorlary türkmen mugallymlaryna hünär ýokarlandyryş çäresini geçýärler
Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň professorlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýaş mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler.
15.07.2025
5121
«Miwe» kärhanasynyň bagyndan almanyň we şetdalynyň bol hasyly ýygnaldy
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda bagbançylyk pudagynda işleýän «Miwe» açyk paýdarlar jemgyýeti umumy möçberi 180 tonna bolan ilkinji alma we şetdaly hasyly ýygnaldy. Alma hasyly 110 gektar meýdandan, şetdaly bolsa 115 gektardan ýygnaldy.
15.07.2025
3067
«Hazar deňzi - durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, nebit-gaz toplumynyň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň Halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlykda guramagynda iki hepdelik «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary başlandy.
15.07.2025
2979
Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministri Konstantinos Kombosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
15.07.2025
2236
Minsk şäherinde "Arkalaşygyň çagalary" atly X Halkara medeni-bilim forumy geçirildi
2025-nji ýylyň 13-nji iýulynda «Zubrýonok» atly Milli çagalar bilim we sagaldyş merkezinde «Arkalaşygyň Çagalary» atly X-njy Halkara medeni-bilim forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
14.07.2025
4005
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 471 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
14.07.2025
3086
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Çžun Huanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
14.07.2025
7257
Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş möwsümi başlandy
Şu gün paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we Türkmenistanyň welaýatlarynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş möwsümine badalga berildi.
14.07.2025
3380
Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda işler ýokary depginde alnyp barylýar
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynyň işçileri şu günler önümçilik işlerini yzygiderli ýokary depginde alyp barýarlar.