mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

26.09.2025

total-veiw

4386

Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça halkara kadalary esasynda Türkmenistanda beýleki döwletleriň 142 raýatyna ýaşamak üçin ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanyp, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň 142-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bellenildi.

news-photo

25.09.2025

total-veiw

5686

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

news-photo

25.09.2025

total-veiw

3418

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.  

25.09.2025

total-veiw

6378

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

news-photo

25.09.2025

total-veiw

4901

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky energetika we söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň täze geljegi» atly maslahat gurnaldy. 

news-photo

25.09.2025

total-veiw

4731

Tokio şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni we hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň guramagynda Tokio şäherinde ýerleşýän «Imperial» myhmanhanasynda Türkmenistanyň milli baýramy – Garaşsyzlyk güni we hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi.

news-photo

25.09.2025

total-veiw

5676

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy Bahriýa uniwersitetinde umumy sapak geçirdi

2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow we Ilçihananyň 1-nji sekretary B.Ýazow Yslamabat şäherinde ýerleşýän Pakistanyň Bahria uniwersitetine bardylar.

news-photo

25.09.2025

total-veiw

4867

Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde çykyş edip, Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip etdi.

news-photo

25.09.2025

total-veiw

4577

Türkmenistan Hazar ekologik başlangyjy boýunça forum geçirmegi teklip etdi

Ekologiýa meselesi boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň we oňa esasy çemeleşmegiň möhüm bölegi bolup Hazar ekologiýa forumy hyzmat edip biler.

news-photo

25.09.2025

total-veiw

5384

Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta eýerer

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisiniň umumy maslahatynda eden çykyşynda, häzirki mejlisiň biziň ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady. 

...3363