mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

20.11.2025

total-veiw

6044

Bahreýnde geçirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşda türkmen tennisçileri Bangladeşiň toparyny ýeňdiler

Bahreýniň Isa-Town şäherinde geçirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda türkmen tennisçileri ikinji ýeňşini gazandylar.

news-photo

20.11.2025

total-veiw

6739

Maslahat geçirildi

Paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty: abadançylygyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň maksatlary» diýen ady bilen maslahat geçirildi

news-photo

20.11.2025

total-veiw

4467

Türkmenistanyň we Sloweniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Sloweniýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary we Ýewropa işleri ministri Tanýa Faýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

news-photo

20.11.2025

total-veiw

4518

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ÝHHG-niň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

news-photo

20.11.2025

total-veiw

4190

Bişkekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy J.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde maslahat geçirdi.

news-photo

20.11.2025

total-veiw

6201

Parahatçylyk baradaky surat eserleri halkara bäsleşiginiň ýeňijileri

Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ýelena Işankulyýewadan tälim alýan 2-nji synp okuwçysy Aziza Bäşimowa Russiýa döwletiniň paýtagty Moskwa şäherinde Çagalaryň bütindünýä festiwalynyň çäklerinde geçirilen «Dünýäniň çagalary: Döwür dostlaşdyrýar» atly bäsleşige parahatçylygy ündeýän surat eseri bilen gatnaşyp, baş baýraga mynasyp bolmaklygy başardy.

news-photo

20.11.2025

total-veiw

6372

Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik Al Saide we ýurduň ähli halkyna Oman Soltanlygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

19.11.2025

total-veiw

6572

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalyk pudagyna uly orun degişlidir

Oba hojalyk pudagyny depginli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.  

news-photo

19.11.2025

total-veiw

6302

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahaty 2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçirilýär.

news-photo

19.11.2025

total-veiw

4657

Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Marokkonyň paýtagty Rabat şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan marokkolylaryň işleri boýunça Ministri Nasser Burita Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy.

...3469