03.06.2025
3691
«Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylara
Sizi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
03.06.2025
3407
Türkmenistanyň DIM-de HHR-iň Kompartiýasynyň MK-niň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Hu Hepiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
03.06.2025
3355
Monako Knýazlygynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Monakonyň Şazadasynyň köşgünde Türkmenistanyň Monako Knýazlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Pariž ş.) Maksat Çaryýewiň Monakonyň Şazadasy Alber II-ä ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.
03.06.2025
3681
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan maslahat
2-nji iýunda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlar düzüminiň, aspirantlarynyň, ýaş alymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.
03.06.2025
4875
Türkmenistanda okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy
2-nji iýunda her ýylky asylly däbe görä, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli paýtagtda tomaşasy hemişe şadyýanlyk döredýän uly baýramçylyk çäresi geçirildi.
03.06.2025
3256
Durmuş taýdan goraglylyk milletiň giňişleýin ösüşiniň we durnuklylygynyň esasydyr
Aşgabatda durmuş taýdan goraglylygyň milli ulgamyna baha berjek gural işe girizildi.
03.06.2025
4838
Aşgabatda Hytaýyň atşynaslyk medeniýeti we ak farfor sungaty bilem tanyşdyryldy
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Hytaý Halk Respublikasynyň farfor önümleriniň we atşynaslyk sungatyna degişli gymmatlyklarynyň sergisi açyldy.
03.06.2025
5397
Türkmen futbolçylary 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň Tailand bilen boljak saýlama oýnuna taýýarlanyp başladylar
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary 10-njy iýunda köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda geçiriljek 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşynyň ikinji tapgyryna taýýarlyk görüp başladylar.
03.06.2025
4338
Täsirli geçen baýramçylyk konserti
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa paýtagtyň çagalar sazçylyk toparlarynyň altysy we bir tans topary gatnaşyp, iň gowy çykyşlaryny tomaşaçylara hödürlediler.
03.06.2025
4199
Türkmenistanyň medeniýet işgärleri «Dünýä halklarynyň eposlary» atly Bütindünýä festiwalyna gatnaşdylar
Gyrgyzystanda «Dünýä halklarynyň eposlary» at bilen VIII Bütindünýä festiwaly geçirildi.